Emeli aňyň ornaşdyrylmagy we tehnologiýalaryň optimallaşdyrylmagy ABŞ-nyň kompaniýalarynda köpçülikleýn işden çykarmalara sebäp bolýar. Soňky maglumatlara görä, müňlerçe işgär öz işini ýitirdi.
«Layoffs.fyi» we «Christmas» tarapyndan geçirilen barlaglara görä, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli ABŞ-da 75 müňden gowrak adam işinden boşadyldy. Iň uly gysgaltmalar döwlet çykdajylaryny tygşytlamak syýasatynyň çäklerinde amala aşyrylyp, munuň netijesinde 294 müňe golaý işgär işsiz galdy. Bazardaky üýtgeşmeler bolsa ýene-de 253 müňden gowrak adamyň işini ýitirmegine getirdi.
Iri kompaniýalar hem iş gysgaltmalardan çetde galmady. «Amazon», «UPS» we beýleki meşhur korporasiýalar zähmet bazaryny «durnuklaşdyrmak» bahanasy bilen 52 müňden gowrak iş ornuny gysgaltmak barada karar kabul etdiler.
«Financial Times» seljermelerine görä, pandemiýa döwründe aşa köp işgär işe alnypdy. Häzirki wagtda bolsa ykdysady näbellilik we emeli aňyň iş orunlaryna salýan howpy, kompaniýalary köpçülikleýn gysgaltmalara iterýär.
Ýatladyp geçsek, geçen ýylyň sentýabr aýynda «Google» kompaniýasynda emeli aň önümleri bilen meşgullanýan 200-den gowrak işgär hiç hili duýduryşsyz işden çykarylypdy.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.