Şanhaý şäherinde Emeli aň boýunça Bütindünýä maslahaty we 2026-njy ýylyň Emeli aňyň ählumumy dolandyrylyşy boýunça ýokary derejeli duşuşygynyň başlygynyň beýannamasy çap edildi. Beýannamada emeli aňyň ykdysady we jemgyýetçilik ösüşini düýpli üýtgedýändigi, şeýle hem emeli aň bilen baglanyşykly mümkinçilikleriň hem, kynçylyklaryň hem artýandygy bellenilýär. Onda ösüş bilen howpsuzlygyň arasynda dogry deňagramlylygy gazanmagyň zerurdygy nygtalýar. Şeýle-de beýannamada adamy merkezde goýýan çemeleşme, adamzadyň bähbidi üçin emeli aň, adalatlylyk we ähliumumy gatnaşyjylyk, şeýle hem bilelikde dolandyryş ýörelgeleri beýan edilýär.
Beýannamada kärhanalar tarapyndan öňe sürülýän, bazara gönükdirilen, amaly ulanyşa niýetlenen, ylmy gözleglere esaslanýan we zehinli hünärmenlere daýanýan innowasion ekoulgamy ösdürmäge çagyrylýar. Şeýle-de onda «Emeli aň+» modelini işjeň ösdürmek we emeli aňdan däp bolan pudaklary özgertmek hem-de döwrebaplaşdyrmak üçin peýdalanmak teklip edilýär. Beýannama açyk çeşmeli ekoulgamlaryň bilelikde ösdürilmegini goldaýar. Şeýle hem maglumatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň we maglumatlara eýeçilik hukugy ýaly esasy institusional ulgamlary döretmegi çaltlaşdyrmagyň zerurdygy nygtalýar. Bu çäreler maglumatlaryň dolandyrylýan, gözegçilik edilýän we yzarlanyp bilinýän bolmagyny üpjün etmek, şeýle hem olaryň howpsuz we tertipli hereketini hem-de netijeli ösdürilmegini we ulanylmagyny öňe sürmek maksadyna gönükdirilendir.
Ählumumy dolandyryş meselesinde bolsa, BMG-niň çäklerinde hakyky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini öňe sürmek goldanylýar. Şeýle-de emeli aňyň önümçilik we logistika zynjyrlarynda hemmetaraplaýyn gatnaşyga esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrylýar. Beýannamada BMG-niň emeli aň boýunça mümkinçilikleri ösdürmek baradaky kararynyň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigi nygtalýar we ähli ýurtlaryň taryhy, medeniýeti hem-de jemgyýetçilik ulgamlaryndaky tapawutlara hormat goýulmagyna çagyrylýar.
Emeli aň boýunça Bütindünýä maslahaty we 2026-njy ýylyň Emeli aňyň ählumumy dolandyrylyşy boýunça ýokary derejeli duşuşygy anna gününden duşenbe gününe çenli dowam edýär. Oňa 100-den gowrak ýurtdan we halkara guramalaryndan resmi wekiller, işewür ýolbaşçylar, alymlar hem-de gözlegçiler gatnaşýarlar. Kabul edilen beýannama emeli aňyň düzgünleşdirilmegi we etikasy bilen bagly meseleler boýunça halkara ylalaşygynyň kemala gelmeginde möhüm ädim boldy. “CCTV+”-iň habar bermegine görä, resminamada berkidilen ýörelgeleriň geljekki gepleşikler we emeli aň babatdaky milli strategiýalar üçin esas bolup hyzmat etmegine garaşylýar.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.