Resminamalaryň elektron görnüşleri diýip, kagyz görnüşin­däki resminamanyň şekiline däl­de işiň başky elektron (kagyzsyz) tehnologiýasyna düşünilýär; ol kagyz görnüşiniň diňe resminamanyň gaty nusgasy hökmünde peýda bolmagyny göz öňünde tutýar.

Resminamanyň elektron görnüşi (ER) – bu peýdalanyjy ta-rapyndan doldurmak üçin goýlan boş meýdany bolan sahypadyr. Görnüşler gelýän resminamanyň dürli görnüşiniň bolmagyna ýol berip biler we buýruk düwmelerini, pereklýuçatelleri, düşüp gal­ýan men ýulary ýa­da saýlap almak üçin sanawlary özünde saklap biler..

Elektron resminamalaryň görnüşlerini döretmek ýörite pro g ram­ma üpjünçiligini talap edýär. Elektron resminamalaryň esasy görnüş­li elementleri getirilýär, olary peýdalanmak elektron resminamalary taslamagyň awtomatlaşdyrylan programmalarynyň köpü sinde göz öňünde tutulandyr.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Elektron resminamalaryň ýetmezçiligine olary tassyklamak ýa ­da gol çekmek prosesiniň hukuk taýdan doly derejede işlen­mändigini degişli edip bolar.

Elektron resminamalary işlemek tehnologiýasy ýöriteleşdiri len programma üpjünçiliginiň, köplenç, korporatiw MU­na goşulýan, resminamalaryň dolanyşygyny dolandyryş programmalarynyň peýda­lanylmagyny talap edýär.

Elektron resminamalaryň görnüşlerini taslamak, ýagny gör nüş­leri taslamagyň programma üpjünçiliginiň kömegi bilen gör nüşiň ülňüsini döretmek, adatça, şu işleriň ýerine ýetirilmegini öz içine alýar:

  • ER-iň gurluşyny döretmek – taslamagyň grafiki serişdeleriniň kömegi bilen daşky görnüşini döretmek;
  • ER-iň görnüşiniň mazmunyny kesgitlemek, ýagny meý­dany doldurmagyň usullaryny saýlap almak. Meýdanlar el bilen ýa­da haýsydyr bir sanawdan, menýudan, maglumatlar bazalaryndan ähmiýetleri saýlap almak arkaly doldurylyp bilner;
  • ekran görnüşleriniň maketleriniň sanawyny kesgitlemek – her ýumuş boýunça taslaýjy her wezipäniň «goýluşyny» seljerýär, onda operatiw we hemişelik maglumaty bolan, peýdalanylýan giriş resminamalarynyň we netije maglumaty bolan resminamalaryň sanawy getirilýär;
  • maketleriň mazmunyny kesgitlemek – operatiw we he­mişelik maglumaty bolan ilkinji resminamalarynyň we netijeli resminamalaryň maglumatlarynyň düzümini seljermegiň esasynda ýerine ýetirilýär.

Iş ekran görnüşleriniň işlenip taýýarlanan maketlerini pro­gram malaşdyrmak we olary synag etmek (aprobasiýsa) bilen ta­mamlanýar.

Saparmyrat HANOW
Türkmenistanyň Inžener-teniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň mugallymy