Elektron kitaphanalar durmuşymyzda möhüm orny eýeleýär. Häzirki zaman kämil el telefonlaryndan we kompýuterlerden elektron kitaphanalaryna girmek we islendik kitaby tapmak mümkin. Dünýäde tehnologiýalaryň tiz ösýän döwründe elektron kitaphanalaryň işini kämil derejede ýola goýmak möhüm wezipeleriň hataryna girýär. Elektron kitaphanalar maglumatlary, edebiýatlary saklaýjy we habar beriş ulgamy bolup, ol maglumatlaryň elýeterliligini üpjün edýär. 

Elektron kitaphanalar ulgamy maglumat gözlegini gysga wagtda amala aşyrmaga, internet ulgamyndan erkin peýdalanmaga şert döredýär. Internet ulgamyna birikdirilen elektron kitaphana habar beriş çeşmelerini islendik ulgam bilen baglanyşdyryp bilýär. Elektron kitaphanalar köpsanly resminamalary saýlamaga ýa-da köpsanly maglumatlaryň içinden köpugurly gözlegi amala aşyrmaga mümkinçilikleri döredýär. Elektron kitaphanalar kitaplary, maglumatlary dürli görnüşde almagyň elýeterliligini üpjün edýär.

Maglumatlaryň umumy elektron binýady paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň merkezi kitaphanalaryny birleşdirýär. Kitaphananyň bu görnüşi gerekli çeşmäni almak üçin wagt we ýer çäklendirmesiniň bolmadyk nusgasy bolup, bu ýagdaý kitaphanadan islendik wagtda, islendik ýerde peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Elektron kitaplardan peýdalanmak belli bir derejede tehnologiýadan habarly bolmagy talap edýär, muňa ýurdumyzda doly mümkinçilik bardyr. Elektron kitaplaryň amatly taraplarynyň biri hem müňlerçe kitabyň elimizdäki kiçijek ekrana sygýandygydyr. Adaty kitapdan tapawutlylykda, elektron kitaby şol bir wagtyň özünde birden köp adam okap bilýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmakda durmuşa geçirýän asylly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys.

Gülnara BALKANOWA,
Döwletli etrabynyň Dоstluk şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.