Elektromehaniki geçiş prosesleri toparlara bölmekligi dürli prinsipler boýunça amala aşyryp bolar.Mysal üçin, geçiş prosesleri döredýän sebäpler boýunça olary aşakdaky toparlara bölüp bolar:

  1. normal geçiş prosesleri;
  2. awariýalaýyn geçiş prosesleri;

Emma geçiş prosesleri olary döredýän sebäpleriň häsiýeti boýunça toparlara bölmeklik has amatly. Bozujy güýçleriň häsiýtleri kuwwatyň we tizligiň üýtgemegi bilen berk baglydyrlar. Bu prinsip boýunça ähli elektromahaniki geçiş prosesleri 4 topara bölýärler.

1-nji topar. Bu topara aşakdakylar girýärler: Durnuklylygyň anepiodiki görnüşli bozulmasy, öz-özünden çaýkanma, öz-özünden oýanma we başgalar. Bu toparda kuwwat we tizlik ujypsyz az üýtgeýärler.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

2-nji topar. Ulgamda ýylylygyň durnukly we durnuksyz üýtgemeýär. Bu toparda kuwwat ortaça we tizlik bolsa az üýtgeýär.

3-nji topar. 1. Gysga utgaşma sebäpli durnuklylygyň dinamiki görnüşli bozulmagy; 2. yrgyldamalr, urgylarda tizligiň üýtgemesi, ýük ýüklenende we aýrylanda tizligiň üýtgemesi, sinhronizmi barlamak arkaly awtomatiki gaýtadan birikme. Bu toparda kuwwatlar uly üýtgeýärler, tizlik bolsa kiçi üýtgeýär.

4-nji topar. Dwigatelleri işe goýbermek, dwigatelleri öz-özünden goýbermek, wintron düzgün, resinhronizasiýa, öz-özünden sinhronizasiýa, sinhronizmi barlamazdan awtomatiki gaýtadan birikdirme. Bu ýagdaýlaryň hemmesinde kuwwatlar we tizlikler uly üýtgeýärler

Şu usulda toparlara bölmeklik ýeňillikler döredýär.

Altynaý REJEPOWA
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby