Türkmenistan döwleti Garaşsyzlygyna eýe bolandan öz ýol-ýörelgesini saýlap alyp, tiz wagtyň içinde dünýä siwilizasiýasyna sazlaşykly goşuldy. Ylmy-tehniki ösüş ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösmegine täsir edip, türkmen halkynyň bolelin we erkana durmuşda ýaşamagyna giň mümkinçilikleri döretdi. Tebigy baýlyklar we olaryň gorlary rejeli, iňňän oýlanyşykly peýdalanyp başlandy. Ähli gazma baýlyklar (nebit, tebigy gaz we ş.m.) çykarylanda daşky gurşawa ýetirilýän täsirler pugta göz öňünde tutulyp, ekologiýa howpsuzlygynyň kadalary berk berjaý edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösüşini üpjün etmekde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak baradaky alnyp barylýan ähli giň gerimli özgertmeler daşky gurşawyň ekologiýa taýdan abadançylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ekologiýa syýasatynyň esasy maksady  –  adamyň  ýaşaýşynyň we işiniň çeşmesi hökmünde çykyş edýän tebigatyň  abat saklanmagy hem-de onuň baýlyklaryndan  rejeli peýdalanmagy üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Türkmenistanda tebigaty goramak, onuň serişdelerini rejeli peýdalanmak we täzeden dikeltmek, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak milli döwlet wezipesidir, ählihalk işidir, Türkmenistanyň her bir raýatynyň ahlak borjudyr.

Ýur­du­myz BMG-niň te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­bat­da­ky esa­sy res­mi­na­ma­la­ry­ny, şol san­da Bio­lo­gik köp­dür­lü­lik ha­kyn­da­ky, Ozon gat­la­gy­ny go­ra­mak ha­kyn­da­ky, Çöl­leş­mä­ge gar­şy gö­reş­mek ba­ra­da­ky Kon­wen­si­ýa­la­ry, Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça Pa­riž Yla­la­şy­gy­ny tas­syk­lap, öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Hormatly Prezidenti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­tiň stan­dart­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, işiň äh­li ugur­la­ryn­da ýo­ka­ry eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­ny ber­jaý et­mek, se­bit we dün­ýä de­re­je­sin­de dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek ug­run­da edil­ýän iş­ler eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­nyň iş ýü­zün­de dur­mu­şa geç­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Maksatberdi GURBANBERDIÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy