Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynyň: «Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr. Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär. Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýen ýörelgeleýin kadalary ekologiýa kanunçylygynyň çygryndaky ähli hukuk namalarynyň mazmunynda aýdyň şöhlelenýär. Bu ekologiýa ýörelgesi ýörite kanunçylykda anyklaşdyrylýar we durmuşa geçirmegiň hukuk gurallary bilen üpjün edilýär.
Türkmenistanyň ekologiýa kanunçylygy barha ösýär, kämilleşýär. Ekologiýa kanunçylygy diýlende, tebigaty goramak baradaky umumy kanundan başlap, ýer, suw, tokaý hakynda bitewi kanunlar, aýratyn goralýan döwlet tebigy meýdanlary, ösümlik dünýäsini aýawly saklamak we ony ýerlikli peýdalanmak, döwlet ekologiýa seljermesi, atmosfera howasyny, haýwanat dünýäsini goramak we ony ýerlikli peýdalanmak hakdaky hem-de beýleki hukuk namalary göz öňünde tutulýar. Ekologiýa deňagramlylygyny saklamakda olaryň uly ähmiýeti bar.
Türkmenistanyň ekologiýa kanunçylygynda tebigy gurşawy goramak, onuň serişdelerinden rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur düzgünler bar, ýagny raýatlaryň tebigy hukuklarynyň, şol sanda töwerekdäki amatly gurşawa hukugynyň döwlet tarapyndan goralýandygy, tebigy gurşawyň abat saklanmagy üçin hemmeleriň jogapkärlidigi göz öňünde tutulýar. Tebigata aýawly we hakyky eýeçilik gözi bilen garamak hem-de ekologiýa şertlerini gowulandyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr.
Ogulnur GELDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.