Ynsan özüniň bütin ýaşaýyş durmuşynda ömrüniň manysyny gözleýär. Öz söýen kär-hünärini saýlap, nesil ýetişdirip, onuň manysyny artdyrmaga, adamlaryň durmuşyna many çaýmaga çalyşýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitaby durmuşda özüňi dogry alyp barmagyň kadalary, onuň ähmiýeti beýik ömrüň mysalynda beýan edilýär.

Bu edebi-filosofik eser ähli okyjylar üçin hem ýol görkeziji şamçyragdyr, paýhas hazynasydyr. Bu kitapda asyrlaryň jümmüşindan gaýdýan dünýä nusgalyk ýol-ýörelgelerimiz, şöhratly taryhymyz, milli mirasymyz, taryhy şahsyýetlerimiz, abadan şu günümiz we ýagty geljegimiz şöhlelenýär, watançylyk, halal zähmet, ata-enä hormat, türkmeniň mukaddeslikleri, maşgala gymmatlyklary, nesil terbiýesi hakynda giňişleýin  beýan edilýär. Kitap «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» atly bölümlerden ybaratdyr. Eserde halk döredijiliginiň eserleri, nakyllardyr atalar sözleri, pähimler edebi taýdan ussatlyk bilen çeper beýan edilipdir.

Ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşynyň binýadyny goýan Gahryman Arkadagymyz bu gymmatly eserinde geljegi diňe geçmişe daýanyp gurmalydygyny nygtaýar. Bu eserde Milli Liderimiziň başlangyjy bilen umumadamzat medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan şöhratly pederlerimiziň peşgeş goýan mirasyny öwrenmek, wagyz etmek we toplamak boýunça alnyp barylýan ylmy-edebi işler öz beýanyny tapýar. Eseriň baý mazmunly bölümlerinde öňe sürülýän oý-pikirler, ylmy seljermeler, filosofik garaýyşlar tolgundyryjy wakalar okyjyny çuňňur oýlandyrýar. Bu kitapda hormatly Arkadagymyzyň öz ömrüniň manyly menzilleri dürli mysallar arkaly durmuşy pursatlar giňden orun tapýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitaby watansöýüjilige ýugrulan kitapdyr.  Şeýle ajaýyp eserleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döredijilik üstünlikleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Maral ALLABERDIÝEWA,
Döwletli etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.