​Ýurdumyzyň Döwlet senasynda buýsanç bilen aýdylýan «Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde» diýen setirler her bir raýatymyzyň kalbynda aýratyn orna eýedir. Şanly taryhymyza ser salanymyzda, halkymyzyň öz mukaddes Tuguny hemişe alnyna sylyp, başyna täç edip gelendigi mälimdir. Döwlet baýdagymyz – milletimiziň polat ýaly berk agzybirliginiň, Garaşsyzlygymyzyň hem-de dünýä jemgyýetçiliginde ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň iň belent we mizemez nyşanydyr.

Çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistan özüniň täze taryhyny hut şu ýaşyl Tugumyz astynda ynamly döretdi. Biziň döwlet nyşanymyz halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny bütin dünýä aýan edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň binalar toplumynyň öňünde ýüzlerçe ýurtlaryň baýdaklary bilen hatarda pasyrdaýan baýdagymyz, ýurdumyzyň 1995-nji we 2015-nji ýyllarda kabul edilen taryhy Rezolýusiýalara laýyklykda dünýäde eýeleýän belent ornuny aňladýar.

Döwlet baýdagy halkyň mukaddes maksatlaryny, ruhy dünýäsini we geljege bolan garaýyşlaryny bütewi bir güýje öwürýän terbiýeçilik ähmiýetine eýedir. Ýaşyl reňkli baýdagymyz raýatlarymyzda watançylyk duýgusyny ösdürmekde, milli buýsanjy kemala getirmekde uly mekdepdir. Ol halkymyzy jebisleşdirip, ýurdumyzy gülledip ösdürmäge we geljekki rowaçlyklara tarap ruhlandyrýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, her bir raýat özüniň hukuklaryny we borçlaryny berjaý etmek bilen, şu mukaddes Tugumyz astynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işlere öz goşandyny goşmaga çalyşýar.

Aýlar AKMYRADOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby