Güýçli ýagyşlar Braziliýanyň hasylyna zyýan ýetirenden soň, premium kofe öndürijileri ýokary hilli arabika kofe dänelerini üpjün etmekde kynçylyk çekip başladylar.
«Bloomberg» agentliginiň habar bermegine görä, arabika dünýäde öndürilýän kofäniň 60–70 göterimini düzýär. Bu kofe görnüşi turşulyk, miweli ýa-da gül öwüşginli aýratyn tagamy we kofeiniň az mukdary bilen tapawutlanýar. Arabika esasan daglyk ýerlerde ýörite kofe segmenti üçin ösdürilip ýetişdirilýär.
Braziliýanyň bir kooperatiwiniň baş direktory Siman de Limanyň aýtmagyna görä, tropiki ýagyşlar kofe miweleriniň takmynan 20 göterimini zaýalap ýa-da ýuwup äkidipdir. Bu görkeziji adaty derejeden 12–15 göterim ýokarydyr. Ýagyşlar diňe bir kofe hasylynyň ýygnalmagyny gijikdirmän, eýsem onuň hiline hem ýaramaz täsir ýetirdi.
Kofe däneleriniň köp bölegi aşa köp fermentasiýa sezewar bolup, netijede içginiň tagamy üýtgeýär. Çig miwelerde kömelek we zaýalanan tagam duýulýar. Mundan başga-da, käbir kofe miweleri ýokary çyglylyk sebäpli ýüze çykýan kesellerden ejir çekdi.
Iýun we iýul aýlarynda Braziliýanyň käbir sebitlerinde ýagyşlaryň mukdary adaty görkezijiden 250–500 göterim ýokary boldy, käbir ýerlerde bolsa öňküsinden sekiz esse köp ýagyn ýagdy. Galan hasyl gurap barýarka, ýurtda güýçli ýagyşlaryň ikinji tapgyry başlandy. Daýhanlar işleri täzeden başlamaga mejbur boldular, bu bolsa kofe dänelerine goşmaça zyýan ýetirdi.
Hil bilen bagly meseleler sebäpli ABŞ-da we Ýewropada Intercontinental Exchange Inc. (ICE) tarapyndan tassyklanan ammarlardaky kofe ätiýaçlyklarynyň XXI asyrdaky iň pes derejä düşmegi mümkin.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.