Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy wakalarynyň hataryndan orun aldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen açylyp ulanmaga berlen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna hem halkara güwänamalaryň birnäçesi gowşuryldy.
Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda dabaraly ýagdaýda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Ýakynda bolsa Türkmenabat şäheriniň gündogarynda giden bir şäheri ýatladýan täze binalar toplumy açylyp ulanylmaga berildi. Toplumyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak babatdaky işler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Nahal» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi. Ýeri gelende, bu hojalyk jemgyýetiniň Diýarymyzyň gündogar sebitinde ozal hem iri gurluşyk taslamalarynyň birnäçesini üstünlikli amala aşyrandygyny bellemek gerek.
Ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Beýik Britaniýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan Respublikasyndan gelen myhmanlaryň talyp ýaşlar bilen okuw sapaklaryny geçmekleri, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekilmegi milli pedagogikamyzyň dünýä ykrarnamasydyr. Bu ýerde açylan ÝUNESKO bagy bolsa institutyň halkara medeni-ynsanperwer giňişligindäki hyzmatdaşlygyna güwä geçýär.
Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýokary okuw mekdebimiziň täze binalar toplumlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi ata Watanymyzyň bilim binýadyny has-da berkitmek babatda toplumlaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bilimler ýurdudygyny aýdyň tassyklady. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bilim — täzeleniş we öňegidişlikdir.
Enegyz ÝALKABOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.