Geçmişde möhüm meseleleri çözmekde pederlerimiziň belli bir ýere ýygnanyp, maslahat etmegi özboluşly däbe öwrülipdir. Oguz han atamyz öz guran döwletiniň kuwwatly hem-de ygtybarly bolmagy üçin halkyny, ogullaryny ýygnap, uly maslahatlary geçiripdir. Il içinde hormatlanýan kethudalary, dana-danyşmentleri bir ýere jemläp, olar bilen geňeş etmegiň, ýurdy halk bilen geňeşli dolandyrmagyň uly ähmiýete eýedigini sargyt edipdir. Pederlerimiziň asylly ýol-ýörelgesi, görüm-göreldesi bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Häzir Halk Maslahaty jemgyýeti dolandyrmagyň iň kämil institutlarynyň birine, döwlet, jemgyýetçilik-syýasy gurluşy kämilleşdirmekde möhüm syýasy gurama öwrüldi. Munuň özi halkyň mynasyp wekili bolup, halka wepaly hyzmat etmegiň, onuň bähbitlerini goramagyň, goldamagyň belent nusgasydyr, milli demokratik däpleri döwrebap şertlerde giňden ulanmakdyr we ösdürmekdir.
Milli Liderimiziň başlyklygynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisleri hem örän möhüm ähmiýete eýedir. Çünki onda garalýan meseleler, kabul edilýän çözgütler, öňde goýulýan wezipeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Olarda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň nobatdaky mejlislerine taýýarlyk görmek, Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, mejlisiň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda, halkyň abadançylygyny, döwletimiziň mundan beýläkki ösüşlerini üpjün etmek boýunça degişli çözgütler kabul edilýär.
Halkymyzda «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli il salamat bolar», «Döwletliniň başlan işi oň bolar» ýaly pähimler bar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul ediljek çözgütler täze ösüşlere badalga berer, belent sepgitleriň gözbaşyna öwrüler. Şu ynsanperwer başlangyçlaryň sakasynda duran, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda tagalla edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Jennet GYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.