Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan döwletlilik mekdebi halka sala salmak, il-günüň agzybirligine hem-de pederlerimizden dowam edip gelýän parasatly durmuş ýörelgelerine daýanmak ýaly belent gymmatlyklardan gözbaş alýar. Merdana ata-babalarymyz döwlet dolandyryşynda, il-ýurt üçin wajyp meseleleri çözmekde geňeşmäge, sala salyşmaga uly orun beripdirler. Şol sebäpli hem «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşli salamat bolar» diýen halk pähimleri berkarar döwlet dolandyryşynyň we milli demokratiýamyzyň sarsmaz binýadydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli ulgamlarda durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky taýsyz tagallalary, döwletli başlangyçlary täze taryhy döwrümize aýratyn ýaraşyk berýär, ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň yzygiderli geçirilmegi-de eziz Diýarymyzda asylly ýörelgelerimiziň, milli demokratik kadalaryň döwlet syýasatynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň iş ýüzündäki beýanydyr. Taryhdan belli bolşy ýaly, Oguz han atamyzyň döwründen bäri il arasynda hormat-sylagdan peýdalanýan ýaşuly nesliň wekillerini çagyryp, geňeş etmek halkymyzyň ýörgünli däpleriniň biridir. Bu barada gadymy ýazuw çeşmeleriniň biri bolan «Oguznamada» hem Oguz han atamyzyň her bir il-ýurt ähmiýetli meseläni halk köpçüligi bilen geňeşip çözendigi dogrusynda nygtalýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu milli ýörälgämiz täze mazmun we döwrebap gymmatlyklar bilen baýlaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk başlangyçlary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy netijesinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan asylly işleriniň mysalynda milli demokratiýamyzyň kämil dabaralanýandygyny aýdyň görmek bolýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň bellenilýän bu taryhy ýylynda halkymyzyň agzybirligi we berkarar döwletimiziň kuwwaty täze ösüş basgançaklaryna göterilýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisi geçirilip, onda şanly senä hem-de umumymilli foruma taýýarlyk görmegiň möhüm meselelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda gol çekilen Kararlara laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirmek bellenildi. Ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň halk bilen giňden maslahatlaşylmagy, her bir raýatyň öňe sürýän oňyn tekliplerine çuňňur hormat goýulmagy hakyky adalatlylygyň kämil nusgasydyr. Şoňa görä-de, bu belent meýdança il-günüň we ata Watanyň ykbalyna dahylly wajyp meseleleri bir nokada jemleýän taryhy-syýasy waka öwrüler. Halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Toýlynyýaz ŞIRMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.