Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da mil­li bi­lim ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, şeý­le-de ýaş­la­ryň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni su­wa­ra öw­ren­me­gi­ni ga­zan­mak ug­run­da ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, ça­ga­lar bag­la­ryn­dan baş­lap, umu­my­bi­lim eda­ra­la­ryn­da, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ola­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri öw­re­dil­ýär.

Bil­şi­miz ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim eda­ra­la­ry he­re­ket ed­ýär. Şeý­le-de her ýy­lyň 1-nji sent­ýab­ryn­da şeýle mek­dep­le­riň tä­ze­le­ri açy­lyp, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Bu bol­sa ýaş­la­ryň or­ta mek­dep­den baş­lap, özü­niň saý­lap alan da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­me­gi­ne uly ýar­dam ber­ýär. Okuw­çy­lar bu ýer­de öw­re­nen dil­le­ri­ni ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de do­wam et­di­rip, has-da öz­leş­dir­ýär­ler. Bi­ziň ins­ti­tu­ty­myz­da hem ýaş­la­ryň dür­li dil­le­ri öw­ren­mek­le­ri üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­lendir. Şeý­le­lik­de, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni su­wa­ra bil­ýän, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly kä­mil ýaş­lar ke­ma­la gel­ýär.

Köp dil öwrenmek we ony ýaş nesle öwretmek Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara bildirýän ynamyny ödemekdir. Köp dil bilmegiň durmuşy ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dürli dilleri öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dilleri möhüm bolup durýar. Şeýlelikde, daşary ýurt dilini öwredýän mugallymlaryňdyr hünärmenleriň öňünde birnäçe pedagogik wezipeler durýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Täze taryhy döwrümizde ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri, şolaryň netijesinde hem dünýä derejesinde bilim almaklary möhüm wezipedir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen dünýä halklarynyň dillerini öwrenmekde uly netijeler gazanylýar. Bu işler Diýarymyzy täze ösüşlere ýetirýär, mähriban halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Kamila MARAWAÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy.