Adam döräpdir ki, özüni haýsydyr bir toparyň: maşgalanyň, dost-ýarlaryň ýa-da zähmet jemgyýetiniň hökmünde duýup ýaşaýar. Sosial psihologiýanyň iň esasy ugurlarynyň biri bolan toparyň psihologiýasy — şahsyýetiň köpçülik içindäki özüni alyp barşyny, toparlaryň emele gelşini we olaryň içki dinamikasyny öwrenýär. Islendik jemgyýetçilik gurluşynda toparyň nähili işleýändigini, onuň agzalaryna nähili täsir edýändigini bilmek adamyň sosial tebigatyna has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýär.

Her bir topar ýöne bir adamlaryň ýygnanyşygy bolman, eýsem, özüniň emele geliş we ösüş tapgyrlaryny başdan geçirýän janly organizmdir. Ilkinji tapgyrda adamlar biri-biri we täze gurşaw bilen tanyşýarlar, bu döwürde belli bir derejede seresaplylyk hem-de çekinjeňlik duýulýar. Wagtyň geçmegi bilen, toparda özüni görkezme we liderlik ugrundaky «çaknyşyklar» döräp bilýär, çünki her bir şahsyýet köpçülikde öz ornuny tapmaga çalyşýar. Bu kynçylyklardan üstünlikli geçilenden soň, durnuklaşma tapgyry başlanýar; bu ýerde umumy düzgünler, kadalar we gymmatlyklar kemala gelip, agzalaryň arasynda hyzmatdaşlyk we özara ynam berkeýär. Ahyrky netijede bolsa, topar bitewi bir güýje öwrülip, öňde goýlan maksatlara tarap netijeli işjeňlik görkezip başlaýar.

Toparyň durnuklylygyny we güýjüni üpjün edýän birnäçe möhüm sosial-psihologik fenomenler bar. Olaryň ilkinjisi hem-de iň esasysy — konformizmdir. Konformizm — bu adamyň öz şahsy pikirini ýa-da özüni alyp barşyny toparyň agramly böleginiň islegine we garaýşyna görä üýtgetmegidir. Köpçülik tarapyndan çetleşdirilmek gorkusy ýa-da toparyň kararyna bolan ynam adamy, köplenç, «hemme nähili bolsa, men hem şeýle» diýen prinsipe ugrukdyrýar. Şeýle-de toparyň içinde elmydama liderlik we status meseleleri ýüze çykýar. Lider toparyň emosional ýagdaýyny kadalaşdyryp, adamlary umumy maksada gönükdirýän esasy güýçdür. Status bolsa her bir agzanyň şol topar içindäki tutýan ornuny we abraýyny kesgitleýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Jemläp aýtsak, toparyň psihologiýasyny bilmek dolandyryjylar, mugallymlar we islendik guramanyň işgärleri üçin zerurdyr. Köpçüligiň içki kanunalaýyklyklaryna, adamlaryň özara gatnaşyk torlaryna we emosional ýagdaýyna dogry düşünilende, islendik kynçylygy agzybirlik bilen ýeňip geçmek bolýar. Adam diňe bir toparyň täsirinde kemala gelmän, eýsem öz oňyn sypatlary bilen şol toparyň we bütin jemgyýetiň kämilleşmegine hem uly goşant goşup bilýär. Jemgyýetimiziň kämilleşmegi ugrunda uly uladalar edýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Yhlas GARAÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň II ýyl talyby.