Çagalar baglarynda tomus taplama döwründe körpeleriň arasynda dynç alyş we taplama çäreleri işjeň ýagdaýda geçirilýär. Ýyllyk iş meýilnamasy esasynda biziň hem çagalar bagymyzda geçirilýän tomusky taplama çäreleri uly gyzyklanma döredýär. Bu çäräniň dowamynda çagalaryň eşikleri ýeňledilip, güne taplamak, arassa howada oýunlary guramak ýaly işler berjaý edilýär.

Tomusky taplama çärelerine öňünden taýýarlyk görüldi. Toparlara niýetlenen meýdançalarda çägedanlary çägeden doldurmak we reňklemek, taplama degişli çagalar üçin enjamlary ýerbe-ýer etmek, düşekçeleri taýýarlamak, egin-eşikler, süpürgiçler taýýarlamak ýaly işlere aýratyn ähmmiýet berildi. Taplama çäreleriniň belliklerini etmek üçin ýörite ýazgylar depderleri döredildi we degişli ýazgylar doly hem-de dogry ýazyldy.

Kör­pe­ler gü­nüň do­wa­myn­da ýö­ri­te taý­ýar­la­nyl­ýan ta­gam­na­ma esa­syn­da ça­ga­lar üçin ge­rek­li wi­ta­min­le­re baý bo­lan önüm­ler bi­len na­har­lan­ýar­lar. Ça­ga­lar bak­ja-ba­gy­myz­da her to­pa­ra ni­ýet­le­nen oýun meý­dan­ça­la­ry­myz bar. Olar ýö­ri­te en­jam­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan. Ol meý­dan­ça­lar­da ça­ga­la­ryň ýaş aý­ra­tyn­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da, ter­bi­ýe­çi­lik pur­sat­la­ry gu­ral­ýar. Bu bol­sa kör­pe­le­riň be­den­le­ri­ni ber­kit­mä­ge we tap­la­ma­ga, ola­ryň wagt­la­ry­ny şa­dy­ýan ge­çir­me­gi­ne uly ýar­dam ber­ýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Bagtyýar çagalar, edepli-bilimli nesiller ýurduň, maşgalanyň guwanjydyr, ertirki günümize bolan ynamymyzdyr, geljege umytly garaýşymyzdyr. Goý, bagtyýar çagalygyň mekany bolan eziz Diýarymyzda arassa asmanyň astynda körpe nesilleriň şadyýan gülküleri hemişe ýaňlanyp dursun!

Amangul ULLAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 16-njy çagalar bagynyň terbiýeçisi.