Çagalar bagy ýaş nesliň ösüşinde örän möhüm orun tutýar. Bu döwürde çagalaryň saglygy, dogry iýmitlenmegi we wagtynda lukmançylyk gözegçiligi olaryň geljekki ösüşine uly täsir edýär. Terbiýeçiler diňe bilim-terbiýe bermek bilen çäklenmän, çagalaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine uýmagyny üpjün etmäge hem jogapkärdirler.

Çagalaryň bedeni we beýnisi çalt ösýär. Şonuň üçin olaryň iýmiti deňagramly we peýdaly bolmaly. Sagdyn iýmitlenme çaganyň immunitetini güýçlendirýär, ösüşini çaltlandyrýar, üns we pikirleniş ukybyny ösdürýär, kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Çagalar üçin gündelik iýmitde gök önümler, miweler, süýt önümleri, et we däne önümleri bolmalydyr. Şekerli içgiler, aşa ýagly we «fast food» görnüşindäki iýmitler mümkin boldugyça çäklendirilmelidir.

Çagalar bagynda iýmit tertibi öňünden meýilleşdirilen we kadaly bolmalydyr. Çagalar bir wagtda nahar iýmäge öwrenişmeli. Bu olaryň aşgazan işini kadalaşdyrýar we sagdyn endikleri döredýär. Terbiýeçi çagalary nahardan öň elleri ýuwmaga, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmäge, iýmiti howlukman, gowy çeýnemäge ugrukdyrmalydyr.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Çagalar bagynda lukmançylyk gözegçiligi möhüm orny eýeleýär. Her bir çaganyň saglyk ýagdaýy yzygiderli gözegçilik edilmelidir. Bu çäreler yzygiderli beden temperaturasynyň barlanmagy, arassaçylyk ýagdaýynyň gözegçiligi, wirusly keselleriň öňüni almak üçin çäreler, sanjym meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi ýaly wezipeleri öz içine alýar. Eger çagada sowuklama ýa-da başga alamatlar ýüze çykarsa, ony beýleki çagalardan wagtlaýyn aýyrmak we ene-atalara habar bermek zerurdyr.

Netijede, sagdyn iýmitlenme we lukmançylyk taýdan dogry ideg çagalaryň ösüşiniň esasy binýadydyr. Çagalar bagynda bu ugurda alnyp barylýan işler çagalaryň diňe şu günki däl, eýsem, geljekki sagdyn ösüşiniň hem kepili bolup durýar. Terbiýeçiler, ene-atalar we lukmanlar bilelikde işleýän ýagdaýynda sagdyn we güýçli nesli kemala getirmek mümkin bolýar.

Şemşat ALLAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 33-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy.