Çagalyk döwri adamyň şahsyýetiniň kemala gelýän iň möhüm tapgyrlarynyň biridir. Hut şu döwürde çaganyň dünýägaraýşy, duýgulary, pikirlenişi, döredijilik ukyby we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ilkinji esaslary ösüp başlaýar. Mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň terbiýesinde aýdym-sazyň aýratyn orny bardyr. Aýdym-saz diňe bir ýakymly owaz hökmünde däl-de, eýsem çaganyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, duýgularyny ösdürýän we ahlak taýdan terbiýeleýän möhüm serişdeleriň biri bolup hyzmat edýär.

Çagalar baglarynda geçirilýän aýdym-saz sapaklary çagalaryň saz duýgusyny ösdürmek, owazy tapawutlandyrmak, ritmi duýmak, aýdym aýtmak we saz gurallary bilen tanyşmak ukyplaryny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, olaryň şahsyýet hökmünde ösüşine hem uly täsir edýär. Şunda aýdym-saz ýolbaşçysynyň esasy wezipesi çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda gyzykly we täsirli sapaklary guramak, olaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmakdan ybaratdyr.

Aýdym-saz sapaklarynyň esasy terbiýeçilik ähmiýetleriniň biri hem çagalaryň gözellik duýgusyny ösdürmegidir. Owadan aýdymlar, saz eserleri we tans hereketleri çaganyň gözellige bolan söýgüsini artdyrýar, onuň daş-töwerege bolan garaýşyny baýlaşdyrýar. Halk aýdymlary, çagalar üçin döredilen eserler arkaly körpelerde milli medeniýete, däp-dessurlara we watançylyk gymmatlyklaryna söýgi terbiýelenýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Milli aýdym-sazymyzy öwretmek mekdebe çenli bilim-terbiýe işiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmen halk aýdymlary, milli saz gurallary we halk döredijiliginiň nusgalary arkaly çagalaryň öz halkynyň medeni mirasyna bolan gyzyklanmasy artdyrylýar. Çagalar baglarynda döwrebap şertleriň üpjün edilmegi, medeni we bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işler körpeleriň hemmetaraplaýyn ösmegine uly ýardam berýär. Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys!

Sähra SAPARBAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 16-njy çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy.