Çagalar nesil dowamaty bolup, döwleti gülletjek hem-de ösdürjek, ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklaryny indiki nesillere ýetirjek geljekki şahsyýetlerdir. Olara berlen iň oňat terbiýe peşgeşi, şeýle-de körpeleriň sagdyn ösüp, giň dünýägaraýyşly bolup kemala gelmeklerini gazanmak ertirlerimiziň abadançylygynyň kepilidir. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda ýaş nesillerimiziň edep-terbiýeli, kämil bilimli, berk bedenli bolup ýetişmegi ugrunda çuňňur aladalar edilýär. Çünki kämil terbiýeli çagalar diňe bir maşgalanyň däl, eýsem, eziz Diýarymyzyň buýsanjyna öwrülýärler.
hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alşyny göwnejaý, ýokary derejede guramaga, olaryň wagtyny şadyýan we gyzykly geçirmeklerine uly üns berilýär. Bu möwsümde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Köpetdagyň jana şypaly Gökdere jülgesinde, welaýat merkezlerinde çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezleri dowamly işleýär. Orta mekdepleriň, mekdepden daşary çagalar edaralarynyň ýanynda bolsa dynç alyş-sagaldyş meýdançalary hereket edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, «Mähriban çagalarymyz we ýaşlarymyz arkasynda dag ýaly döwletimiziň durandygyny, olaryň geljegi hakyndaky aladalaryň bir pursat hem ýatdan çykarylmaýandygyny duýup ýaşamalydyrlar».
Çaganyň şahsyýetiniň kemala gelmegi daşky gurşawyndan öwrenen zatlaryna berk baglydyr. Şonuň üçin-de, ýurdumyzda çagalaryň kämil ösüşini üpjün etjek gurşawyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Boş wagtlarynda sport ýa-da döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň ruhy kämillige ýetmäge mümkinçiligi artýar. Mundan başga-da, eziz Diýarymyzda çagalaryň gatnaşmagynda halkara medeni çäreler, şol sanda çagalar festiwallary yzygiderli geçirilýär. Munuň özi Ýer ýüzüniň çagalaryna biziň ýurdumyz, onuň ýeten belent sepgitleri bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Bir söz bilen aýdanyňda, häzirki döwürde eziz Diýarymyzda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegi, kämil bilim almagy, boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin amatly şertler döredilip, degişli kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň özi ýaş nesiller barada hemişe alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly işleriniň netijesidir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, «Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly bagtymyzdyr. Olaryň bagtyýar durmuşymyza buýsanyp ýaşamagy, döwrebap bilim almagy biziň esasy maksatlarymyzyň biridir».
Saýara EGAMBERDIÝEWA,
Çärjew etrabynyň 2-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.