Braziliýada öýüň poluny abatlaýyş işleri geçirilende, takmynan 10 ýyl bäri poluň aşagynda galan pyşbaga diri ýagdaýda tapyldy. Adatdan daşary waka sosial ulgamlarda giň gyzyklanma döretdi.

Ýerli maglumatlara görä, waka Tokantins ştatynda bolup geçdi. Öý eýeleri pol plitalaryny aýyrýan wagty olaryň aşagynda boşluk bardygyny ýüze çykardylar. Boşluga göz aýlanlarynda bolsa sary aýakly pyşbaga — jabuti tapyldy.

Maşgala agzalarynyň aýtmagyna görä, öýüň poly takmynan 10 ýyl ozal düşelipdir. Şonuň üçin pyşbaganyň gurluşyk işleri wagtynda tötänleýin poluň aşagynda galan bolmagy ähtimal.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Iň geň galdyran ýagdaý bolsa, onuň şeýle uzak wagtlap ýapyk giňişlikde galandygyna garamazdan diri galmagydyr.

Hünärmenleriň düşündirişine görä, pyşbagalaryň alyş-çalyş prosesi örän haýal geçýär. Şonuň netijesinde olar örän az energiýa sarp edýär we uzak wagtlap kyn şertlerde ýaşap bilýär.

Çaklamalara görä, pyşbaga poluň aşagyndaky çyglylyk, ownuk mör-möjekler we beýleki organiki maddalaryň hasabyna iň az derejede iýmitlenip ýaşap bilipdir.

Pyşbaga tapylanda onuň ýagdaýynyň gowşak bolandygyna garamazdan, hereket edýändigi we daşky gurşawa reaksiýa görkezýändigi bellenildi. Halas edilip, gaýtadan iýmitlendirilenden soň, onuň saglyk ýagdaýy kem-kemden gowulaşyp başlady. Takmynan 10 ýyllap poluň aşagynda galyp, diri çykan bu pyşbaga tebigatyň ýaşamak we kyn şertlere uýgunlaşmak ukybynyň nähili täsin bolup biljekdigini ýene bir gezek görkezdi.

«THE ASHGABAT TIMES».