Meniň adym Atabek Atamuradow. Men 2014-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda dünýä indim.
Çagalykdan ene‑atam mende bilim söýgüsini we täze zatlary öwrenmäge islegi görüpdiler. 9 aý 15 günlük wagtymda özbaşdak ýöremäge başladym, iki ýaşymda kyn pazllary ýygnadym, 4–5 ýaşymda bolsa özbaşdak köpeltmek tablisany öwrendim. Şol döwürde mende ýatkeşlik, üns jemlemek we sabyrlylyk kemala gelmäge başlandy diýip pikir edýärin.
Bäş ýaşymda tälimçim Gahryman bilen sport gimnastikasy bilen meşgullanyp başladym. Bir ýyldan soň Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi we dünýäniň iki gezek çempiony Ýusup Haýitowyň ýolbaşçylygynda kikboksing bilen meşgullandyp başladym. Sekiz ýaşymda bolsa Türkmenistanyň köp gezek çempiony we 2017-nji ýylyň V Aziýa oýunlarynyň çempiony Merdan Mämmedowyň ýolbaşçylygynda türgenleşigi dowam etdim.
Sport — durmuşymyň iň möhüm bölegi. Mende berk tertip, suwda ýüzmek, dört kilometrlik ylgaw, irdenki türgenleşik, mekdep, iňlis dili we agşamky türgenleşik. Erkin wagtymda bolsa okamak bilen meşgullanmaga çalyşýaryn.
11 ýaşymdan psihologiýa, ykdysadyýet we öz‑özüňi ösdürmek bilen gyzyklanýaryn. Men pikir edýärin: güýçli adam diňe bedeni däl, eýsem akylyny, häsiýetini we jogapkärçiligini hem ösdürmeli.
Meniň uly maksadym — Garwarda okuwa girip, okuw üçin grant almak. Geljekde işewürligi we ykdysadyýeti çuňňur öwrenip, üstünlikli telekeçi we iň gowy işewürleriň biri bolmak isleýärin.
Şol bir wagtyň özünde sportda hem ösüşimi dowam etdirip, bir gün dünýä kikboksinginde iň ýokary derejä ýetmek isleýärin.
Men düşünýärin: uly arzuwlar ägirt uly zähmeti talap edýär. Şonuň üçin men şondan bäri özümde tertip-düzgüni ösdürmäge, öwrenmäge, türgenleşmegimiň we has gowy bolmaga çalyşýaryn.
Men ynanýaryn: Maksatlaryma ýetmek üçin her gün bir ädim ätmäge taýýar.
Atabek Atamuradow




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.