Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, şol sanda mekdebe çenli bilim-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler, açylyp ulanylmaga berilýän täze çagalar bakja-baglary, hünärmenleri ýetişdirmekde toplanýan tejribeler, sanly bilim serişdelerini ornaşdyrmak we halkara usullaryny özleşdirmek ugrundaky şertler ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn, terbiýeli we sowatly mekdebe taýýarlanmagyna täsir edýär.

Biz täze usullary özleşdirmek maksady bilen görkezme esbaplaryň, täze usuly gollanmalaryň, elektron maglumalaryň we serişdeleriň üstünde işlemegimizi dowam edýäris. Çünki usulyýet ilkinji nobatda serişdeler, maglumatlar bilen baýlaşdyrylanda has täsirli we çuňňur bolýar. Şoňa görä-de, usuly sagatlarymyzy döwrebap gurap hünär tejribelerimizi artdyrýarys. Jemgyýetçilik çärelerine, usuly-amaly maslahatlara, pedagogik işlere işjeň gatnaşyp, öz bilimlerimizi kämilleşdirýäris.

Ýeri gelende bellesek, biz milli bilim işgärleri hökmünde döwrümize buýsanyp, yhlasly zähmet çekýändigimizi buýsanç bilen aýdyp bileris. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly eserleri biziň iň ýakyn gollanmalarymyz bolup durýar. Bu eserlerden peýdalanyp ýerine ýetirilýän işler bolsa hemişe öz netijesini berýär. Döwletimiziň bilim mümkinçilikleri we körpeleri mekdebe taýýarlamakda, irki ösüşi gazanmakda we sagdyn terbiýelemekde döredilýän şertler usuly taýdan kämilleşmegiň esasy çeşmesine öwrüldi.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Buýsançly döwrüň bilim işgärleri bolup zähmet çekmek, ýene-de okamak, öwrenmek, hünäri kämilleşdirmek biziň saýlan ýolumyz. Goý, parahat Watanymyzda bilim ojaklarynyň mundan beýläk hem netijeli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar bolsun!

Akjagül MUHAMMEDOWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.