Türkmen halky adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde-de parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolupdyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň düýp özenini düzýän bu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da dabaralanyp, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen netijeli ösdürilýär.
Taryhy tejribeler parahatçylygyň we howpsuz ýaşaýşyň derwaýysdygy baradaky pikirleri barha öňe sürýär. Şoňa görä-de, taryhyň sapaklaryny geljegiň maksatlary bilen utgaşdyryp, ýokary sepgitlere ýetmek dünýä döwletleriniň ählisiniň baş ýörelgeleriniň hataryndadyr. Şunda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalarydyr syýasy ýörelgeleri täze taryhy döwür üçin dogry çözgütleri salgy berýär. Aýratyn-da, Türkmenistan döwletimiz Baş Assambleýanyň sessiýalarynda we beýleki ýokary derejeli halkara maslahatlarda BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edýär.
Ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly we netijeli gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgesiniň ähmiýeti iňňän uludyr. Bu nukdaýnazardan, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli 12-nji dekabrda paýtagtymyzda geçiriljek halkara forum hem döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk, parahatçylyk we ynanyşmak strategiýasyny işjeňleşdirmekde täze tapgyry açar. Gahryman Arkadagymyzyň öňde boljak şanly seneleri dabaralandyrmak boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlislerini geçirmegi bu forumyň äheň-ähmiýetine taryhy dereje berýär.
Halkara giňişlikde hoşniýetli gatnaşyklary, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gurbanmyrat AŞYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.