Bilim jemgyýetiň ruhy güýjüni kesgitleýän esasy sütünleriň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň ösüş strategiýasynda bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär. Çünki bu ulgamdaky özgertmeler ýokary hünär derejeli ýaşlary ýetişdirmäge, ylmy-tehniki ösüşi höweslendirmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmaga, onuň ählumumy bilim we ylym ulgamlaryna üstünlikli goşulyşmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiz: «Ata Watanymyzyň gazanýan ähli üstünliklerinde, ýetýän belent sepgitlerinde ýaşlaryň hyzmaty örän uludyr. Diýarymyzyň bagtyýar ýaşlary ertirki gün ýurdumyzy beýgeltjek hem-de gülletjek oglan-gyzlarymyzdyr» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilenkabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta we ýokary bilim edaralary, çagalar baglary, saglyk merkezleri ulanmaga berilýär hem-de täze, döwrebap binalaryň gurulmagy dowam etdirilýär. Olar öňdebaryjy okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary, internet ulgamyna birikdirilen kompýuterler bilen doly üpjün edilendir.

Her täze okuw ýylynyň başynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan ajaýyp sowgat — «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleri gowşurylýar. Munuň özi interaktiw-multimedia usulynda sapaklary geçmek boýunça tejribeleriň barha kämilleşýändigine, ýaşajyk türkmenistanlylaryň bilim almaga gyzyklanmalarynyň has-da artýandygyna, netijede, bilimiň hiliniň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bilim we ylym özgertmeleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň intellektual hem-de ylmy kuwwatyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem bilim ulgamynda täze üstünliklere, ýeňişlere ýetmäge hyjuwlandyrýar. Milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk kämilleşdirmäge, çuňňur bilimli nesilleri ýetişdirmäge aýratyn üns berip, biz ― ýaşlara uly ynam bildirýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Roza NARZULLAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň II ýyl talyby.