Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ynha, ýurdumyzda täze 2026-2027-nji okuw ýyly hem üstünlikli başlandy we ähli bilim işgärlerini, ýaşlary tüýs ýürekden buýsandyrdy. Çünki täze okuw ýyly üstünlikleriň gözbaşy bolup, her bir okuwçyny bilim öwrenmäge ruhlandyrýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýan ata Watanymyzda iň döwrebap okuw usullary ornaşdyrylan, häzirki zamanyň tehniki enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýörite orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde bilimdir terbiýe alýan ýaşlar özlerini juda bagtyýar duýýarlar. Ähli derslerden gowy okamak, köpçülik işlerine, sport çärelerine işjeň gatnaşmak bilen özleri baradaky durmuşa geçirilýän işlere mynasyp jogap berýärler. Ýurdumyzda hem-de halkara derejesindäki geçirilýän dürli dersler boýunça bäsleşiklere gatnaşyp, ýokary orunlara mynasyp bolup, öz zehin başarnyklaryny görkezýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmekleri, häzirki zaman tehnologiýalaryndan habarlylygyny kämilleşdirmekleri üçin uly işler alnyp barylýar. Berkarar Diýarymyzda 1-nji synpa barýan çagalara «Bilimli» noutbuk kompýuterleri sowgat berildi. Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp, ýurdumyzyň dürli künjünde döwrebap orta mekdepleriniň, çagalar baglarynyň açylyş dabaralary bilen bir hatarda, medeni, sport, çäreler, ylmy-amaly maslahatlar hem geçirildi. Olarda halkymyza berkarar döwleti, eşretli durmuşy, ýagty ertirleriň eýeleri bolan ýaşlaryň kämil şahsyýet bolup kemala gelmegi ugrunda yzygiderli işleri, atalyk aladalary edýän Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň adyna hoşallyk hem-de alkyş sözleri aýdyldy.
Bu gün bilim işgärleri döwrebap mekdeplerde döredijilikli zähmet çekýärler. Bagtyýar ýaş nesillerimiz ýokary derejede bilim öwrenip, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, innowasion tehnologiýalardan we ylmyň gazananlaryndan peýdalanmak babatynda uly mümkinçiliklere eýe bolýarlar. Bilim arkaly röwşen geljegi nazarlaýan ýaş nesil özleri üçin döredilýän giň şertlere buýsanýar. Ylym-bilimi ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Arzuw ABDYRAHMANOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.