Sahawatly güýz paslynyň ilkinji güni — 1-nji sentýabr nurana geljegiň, paýhasyň we döredijiligiň baýramydyr. Şol gün ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly bellenilip, täze okuw ýylyna badalga berilýär. Milli bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belent derejelere göterilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym-bilim ulgamyna aýratyn uly üns berlip, bu ugurda döwletli işler durmuşa geçirilýär. Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta we ýokary bilim edaralary, çagalar baglary ulanmaga berilýär hem-de täze, döwrebap binalaryň gurulmagy dowam etdirilýär. Okuwçylar üçin elektron kitaphana serişdeleri elýeterlidir. Şunuň bilen baglylykda, her täze okuw ýylynyň başynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelere Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriň gowşurylmagy ýaşajyk türkmenistanlylaryň bilim almaga gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.

«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan döwrebap taslamalar milli bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Şunda Watanymyzyň çar künjeginde 3 müň 380 orunlyk mekdepleriň, 1 müň 80 orunlyk çagalar baglarynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň dabaraly açylmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalary bolar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Şeýlelikde, täze taryhy döwrümiziň nobatdaky ylhamly güýzüniň ilkinji güni — Bilimler we talyp ýaşlar güni ýaş nesillerimize berlen iň uly sowgadyň, iň beýik ynamyň baýramy bolar. Biz - ýaş nesillere giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Güljahan BALLYKOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.