Berkarar döwletimizde bilim ulgamyny kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan özgertmeler netijesinde, milli bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar, aýratyn hem ýokary hünär bilimine uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasy ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösüşinde täze mümkinçilikleri açýan möhüm resminama bolup çykyş edýär.
Bu resminama diňe bir bilim ulgamyny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem Strategiýanyň mazmunyny halkara derejede ykrar edilen ölçeglere laýyk getirmegi hem maksat edinýär. Häzirki wagtda dünýäde ýokary bilim ulgamynyň öňünde duran esasy wezipe — innowasion pikirlenmä eýe bolan, amaly taýdan ukyply we zähmet bazarynyň talaplaryna çalt uýgunlaşyp bilýän hünärmenleri taýýarlamakdyr. Türkmenistanyň Strategiýasy hem şu maksatlara laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we ol ýurdumyzda ýokary hünär bilimi ulgamynyň täze ösüş ýoluny kesgitleýär.
Resminamada ýokary okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, okuw-usulyýet işlerine öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem professor-mugallym düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly möhüm ugurlar aýratyn bellenilýär. Şeýle hem ýaş mugallymlaryň we hünärmenleriň hünär taýdan kämilleşmegi üçin täze mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa bilim ulgamynyň diňe bir maglumat bermek bilen däl-de, eýsem döredijilikli pikirlenmegi ösdürýän ulgam hökmünde güýçlenmegine getirýär.
Strategiýanyň möhüm aýratynlyklarynyň biri hem ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag işleriniň önümçilik bilen baglanyşdyrylmagydyr. Şeýle baglanyşyk ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ylmy gazanylanlaryň netijeli ulanylmagyna mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ýaşlaryň ylmy işlere giňden çekilmegi olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge, innowasion pikirlenmäni kemala getirmäge we täze ylmy başlangyçlaryň ýüze çykmagyna şert döredýär.
Şeýlelikde, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» ýurdumyzyň bilim ulgamyny diňe döwrebaplaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem ony innowasion ösüşiň, ylmy döredijiligiň we ykdysady ösüşiň möhüm hereketlendiriji güýjüne öwürýär. Bu resminama ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeldýär, ýokary bilim ulgamynyň halkara derejesinde bäsleşige ukyplylygyny güýçlendirýär we ýurduň geljekki ösüşi üçin berk binýat döredýär.
Aksoltan AÇANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Taryh fakultetiniň Taryh hünäriniň 401-nji toparynyň talyby.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.