Häzirki wagtda ýurdumyzda ýokary bilimli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan inženerleri, hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu ugurda belent sepgitleri kesgitleýän «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasy milli bilim ulgamyny täze ösüş basgançagyna çykarmakda taryhy ähmiýete eýe boldy.

Bu uzak möhletleýin Strategiýa bilim ulgamynyň häzirki ýagdaýyna çreňňur seljerme bermek bilen, milli bilimiň hilini we mazmunyny halkara derejede ykrar edilen görkezijilere laýyklykda ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Bu resminama «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» aýrylmaz bölegi bolup, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklary üçin döwrebap hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

Strategiýanyň ilkinji tapgyryny öz içine alýan 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnama esasynda ýokary okuw mekdepleriniň okuw-önümçilik we ylmy barlaghanalarynda guralýan işleri önümçiligiň ösdürilişi bilen utgaşdyrmak, zähmet bazarynyň talaplaryna laýyklykda ýokary bilim maksatnamalaryny yzygiderli kämilleşdirmek wezipeleri durmuşa geçirilip başlandy. Şoňa laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda önümçilik kärhanalarynyň gurluş düzümleriniň, tehnologiýalaryň transfer merkezleriniň, tehnologiýa parklarynyň we işewürlik toparlarynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu täzeçil çäreler talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň innowasion taslamalaryny, ylmy-barlag işleriniň netijelerini täjirleşdirmäge hem-de önümçilige göni ornaşdyrmaga uly şertleri döreder.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Döwrebap bilim gurşawynda sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak resminamanyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýokary bilimde «sanly bilim», «elektron okuw serişdeleri», «elektron žurnallar» ýaly düşünjeleriň milli bilimiň gurluşyna we dolandyrylyşyna giňden ornaşdyrylmagy netijesinde has elýeterli, ygtybarly we kiberhowpsuz maglumatlar binýady kemala getirilýär. Umuman, bu uly göwrümli Strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda täze tehnologik öňegidişlikleriň gazanylmagyna, milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegine we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna uly goşant goşar.

Aýgül ORAZMUHAMMEDOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň pedagogika fakultetiniň I ýyl talyby.