Ýaş nesliň bilim we terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, döredijilige ugrukmagy, Watanymyza, halka, milli ýol-ýörelgelerimize wepaly nesiller bolup ýetişmegi üçin ägirt uly işler amala aşyrylyp, her ýylda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň we bu ulgamda zähmet çekýän hünärmenlerdir mugallymlaryň, terbiýeçileriň gatnaşmagynda awgust maslahatynyň geçirilmegi uly ähmiýete eýedir. Onda okuw ýylynyň jemi jemlenilip, täze okuw ýylynda bilim işgärleriniň öňünde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginde geçiriljek usuly-amaly okuwyň meýilnamasy tanyşdyryldy. Bu okuw maslahaty bilim ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmekde hem-de täze okuw ýylyna netijeli taýýarlyk görmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Meýilnama laýyklykda, usuly-amaly okuw 2026-njy ýylyň 17–19-njy awgusty aralygynda geçiriler. Üç günüň dowamynda bilim işgärleri öz ugurlary boýunça dürli okuw-usuly çärelerine gatnaşyp, döwrebap bilim bermegiň usullary, täzeçil çemeleşmeler we okuw-terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary bilen tanyşarlar. Munuň özi mugallymlara özara tejribe alyşmaga, bilim bermek işinde ulanylýan täze usullary öwrenmäge we hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Şeýle çäreler mugallymlaryň döredijilikli işlemegine, okuwçylara berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Bilim ulgamynda geçirilýän şeýle okuw maslahatlary mugallymlaryň hünär taýdan kämilleşmegine, tejribe alyşmagyna we täze başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilik döredýär. Daşoguz welaýatynda guraljak usuly-amaly okuw hem täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda bilim işgärleriniň taýýarlygyny has-da berkitmäge hyzmat eder. Täze okuw ýylynyň bosagasynda geçirilýän bu möhüm çäreler bilim ulgamynyň ösüşine, mugallymlaryň döredijilikli zähmetine we ýaş nesliň ýokary derejeli bilim-terbiýe almagyna gönükdirilen netijeli ädimleriň biridir.
Ogulboldy SOLTANMYRADOWA,
Daşoguz şäheriniň 27-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.