Bilim ulgamynda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň geljekki ösüşlerini üpjün etjek, ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynyň binýadyny pugtalandyrjak bilimli, ýokary hünärli nesilleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda häzirki wagtda okatmagyň öňdebaryjy usullaryny özünde jemleýän ýokary okuw mekdepleriň açylmagy, olarda täze dersleriň we hünärleriň girizilip, ökde hünärmenleriň taýýarlanylmagy örän guwandyryjydyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda paýtagtymyzda, welaýatlarymyzda, täze döredilen Arkadag şäherinde döwrebap ýokary okuw, ýörite orta hünär we orta mekdepler gurlup ulanylmaga berildi. Şanly ýylymyzyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary, sebitlerde umumybilim berýän orta mekdepler we çagalar baglary dabaraly ýagdaýda açyldy. Bularyň ählisi diýseň begendirýär, buýsandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmelerimiziň oňyn netije berýändigini arkaýyn aýdyp bileris. Munuň şeýledigini dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän ylym-bilim bäsleşiklerine ýaşlarymyzyň işjeň gatnaşýandyklary we baýrakly orunlara mynasyp bolýandyklary aýdyň görkezýär. Okuwçylaryň hem-de talyp ýaşlaryň dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän ders we taslama bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmaklaryny ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň halkara jemgyýetçiliginde ykrar edilmegi hökmünde kabul edip bolar» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek babatda maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýaşlaryň bilim almagyna we geljekde saýlan hünärleriniň eýesi bolmaklaryna giň mümkinçilikleriň döredilmegi bu babatda buýsanç bilen bellenilmeli ýagdaýdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlar hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň özlerine bildirýän beýik ynamy ödemäge, halkara olimpiadalarda baýrakly orunlary eýelemäge we döwletimiziň abraý-mertebesini belende götermäge çalyşýarlar. Halkymyza şeýle eşretli döwri beren hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde hemişe rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
Bahargül ANNAMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäheriniň 82-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.