Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanyna şan goşýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly Watanymyzyň şöhratly taryhynda täze sahypany ýazýar. Asylly däbe eýerilip, her ýylyň özüne mynasyp atlandyrylmagy milli bitewüligimiziň, okgunly ösüşlerimiziň we ruhy gymmatlyklarymyzyň belent dabaralanmasydyr. Şoňa görä-de, şu ýylymyzyň ilkinji günlerinden başlap, bedew batly ösüşlerimiz has-da belende göterilýär. Bu bolsa «At — myrat» diýen pähimiň durmuşdaky anyk mysaly bolup, halkymyzyň bedewlere goýýan uly hormat-sarpasyndan habar berýär.

Merdana halkymyz gadymy döwürlerden bäri bedewlere behişdi jandar hökmünde garapdyr. Atlar bilen bagly birnäçe pähimli sözleri, nakyllary döreden halkymyzyň: «Ertir tur, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen pähimi hem bedewiň türkmen durmuşyndaky ornuny aýdyň görkezýär. Ata-babalarymyzdan miras galan nakyllar we atalar sözleri halkymyzyň bedewlere bolan söýgüsini, hormatyny iň kämil sözler bilen beýan edýär. «Atym bar — ganatym bar», «Atyň ady uly, düýäň — dabany», «At agynan ýerde toý bolar» ýaly pähimler iň ýagşy zatlaryň bedewler bilen baglanyşdyrylýandygyny äşgär edýär.

Halkymyzyň behişdi bedewlere bolan hormat-sarpasyny atlar bilen bagly ynançlaryň mysalynda hem görmek bolýar. Halkymyzda bedewi göz degmeginden goramak üçin oňa alaja dakmak däbi häzirki günlerde hem saklanyp galypdyr. Şeýle hem öýde at saklamagyň şol ojaga rysgal-bereket we parahatçylyk getirýändigine ynanylypdyr. At halkymyzda döwletliligiň nyşanyna deňelip, bedewiň kişňemesi şowlulygyň, onuň batly çapmagy bolsa ýeňişleriň alamaty hasaplanypdyr.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Ýelden ýyndam bedewleriň hormatyna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzyň her güni bedew bady bilen döwletli menzillere uzaýar. Bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilmegi hem-de bu senäniň halkymyzyň «At — myrat» diýen halk pelsepesi bilen utgaşmagy döwletimiziň aýdyň geljegine bolan beýik ynamyň nyşanydyr. Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän, bedewlerimiziň sarpasyny belentde tutýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz bimöçberdir.

Gülnaz AÝTUGANOWA,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça EHM-niň operatory.