Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşyň hemme tarapyny öz içine alýan ägirt uly işler amala aşyrylýar. Gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýan parasatly döwlet syýasatynyň ajaýyp miweleridir. Şunda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan şol beýik işleri wagyz-nesihat etmek boýunça ilat arasynda geçirilýän terbiýeçilik, syýasy-düşündiriş işler ýokary ähmiýete eýedir.

2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyry açylmak bilen, ol geljegiň şäheri bolup, ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň esasy orunda durýandygyny, ýaşaýyş üçin iň amatly gurşawyň döredilýändigini dolulygyna subut etdi. Munuň özi halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmegi hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösmegini, onuň has-da kuwwatlanmagyny özüniň baş maksatlarynyň we wezipeleriniň biri hökmünde görýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet syýasatynda tutýan ornunyň näderejede belentdigini ýene bir ýola äşgär etdi.

Häzirki wagtda dünýä ýüzünde uly abraý-mertebä eýe bolup, hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen döwletimizde ähli işler halkyň bähbidine gönükdirilýär. Halkyň, jemgyýetiň we ýurdumyzyň ösüşleri üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent tutumlary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä siwilizasiýasynda hem möhüm orun eýeleýär. Ol «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygarlary baýdak edinen merdana halkymyzyň we eziz Watanymyzyň bagtyýar şu gününe hyzmat edýär we ýagty ertirleri nazarlaýandygy bilen, ruhumyza ruh, güýjümize güýç goşýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Halkymyzyň parahat, asuda, abadan durmuşda bolelin ýaşamagy üçin alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gülşat ANNAORAZOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Garabekewül etrap komitetiniň statisti.