Ýurdumyzdaky ösüşleriň çäklerinde Döwlet baýdagymyzyň we Konstitusiýamyzyň şanyna bilelikde tutulýan toý-dabaralaryň hem çuňňur manysy bar. Ýaşyl tugumyz döwletlilik ýörelgelerimiziň ähli many-mazmunyny özünde jemleýän milli buýsanjymyzdyr. Baýdakda her bir halkyň, her bir döwletiň taryhy, geçmişi, şu güni şöhlelenýär.
Syýasy ýa ruhy jähetden alanyňda-da, halkyň maksat-niýetlerini aňladýan döwlet baýdagy hemişe öňe çykýan, belende galdyrylýan nyşandyr. Şonuň üçin her bir döwlet, her bir halk baýdaga uly sarpa goýýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy halkymyzy uly-uly ýeňişlere ruhlandyryjydyr. Halkymyz ýaşyl tugumyzy mukaddes saýýar. Muny aýratyn buýsanç bilen aýdyp bileris.
Döwlet baýdagymyz berkarar türkmen döwletiniň egsilmez kuwwatynyň, parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň, merdana ata-babalarymyzyň çuň paýhasynyň, synmaz ruhunyň alamatydyr. Baýdagymyzy bezeýän zeýtun baldajyklary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň nyşany bolup durýar. Parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri we adamzadyň belent ideallary Konstitusiýamyzda-da, Döwlet baýdagymyzda-da öz beýanyny tapýar.
Milli we ählumumy gymmatlyklar türkmen halkynyň geçmişine bolan buýsanjyny, geljege ynamyny alamatlandyrýar. Bu mukaddeslikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletlilik ýörelgelerinde milli ruhuň aýdyň şöhlelenmesi bolup ýüze çykýar. Berkarar döwletimiziň parahatçylyk ýörelgesi hakynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda şeýle belleýär: «Parahatçylyk güýçdür. Iň beýik güýç — ýaragda däl-de, diplomatiýada; gorky salmakda däl-de, özara düşünişmekde; bölmekde däl-de, birleşdirmekde. Parahatçylyk — bu çynlakaý ruhy-ahlak we ynsanperwer güýçdür».
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ösüşleriniň gözbaşynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän iňňän oýlanyşykly, paýhasly, öňdengörüjilikli syýasat dur. Şol syýasat bolsa Esasy Kanunymyzdan, al-asmanda erkin parlaýan ýaşyl tugumyzdan güýç alýar.
Hatyja SOLTANMYRADOWA,
Gubadag etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.