Belgiýanyň «Ýokary Fenn» («Hautes Fagnes») tebigy goraghanasynda başlanan tokaý ýangyny ýaýramagyny dowam etdirýär. Ýangynyň öň hatary Germaniýanyň serhedinden takmynan 3 kilometr uzaklykda ýerleşýär.
Serhede golaý ýerleşýän Monschau şäherinde ýagdaýyň has-da ýaramazlaşmak ähtimallygy bar. Güýçli tüsse sebäpli golaýdaky sebitleriň ýaşaýjylaryna wagtlaýyn başga ýerlere göçmek maslahat berildi. Ewakuasiýa edilen adamlar üçin wagtlaýyn ýerleşdirilýän merkezler hem döredildi.
Belgiýanyň häkimiýetleri Küçelşaýd sebitiniň ýaşaýjylaryny ewakuasiýa etmek barada karar kabul etdi. Şeýle-de Surbrod we Býutgenbah jemgyýetleriniň takmynan 600 ýaşaýjysyna hem howpsuz ýere göçmek maslahat berildi.
Resmi maglumatlara görä, ýangyn eýýäm 3000 gektardan gowrak meýdany ýok etdi. Bu waka Belgiýanyň taryhyndaky iň uly tokaý ýangyny hökmünde hasaba alyndy.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.