Ýylyň ady halkyň göwnünden orun alanda, ol hakyky şygara öwrülýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen şu ýylymyz hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen durmuşynda «bedew bady» diýen düşünje diňe bir tizlik däl, eýsem, beýik maksatlara barýan ýoluň we çuňňur ruhy gymmatlygyň nyşanydyr. Şonuň üçin hem ýylyň ilkinji günlerinden badalga alan ösüşler hut bedew batly häsiýete eýe bolýar.
Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, eziz Diýarymyz ähli ulgamlarda bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygy bellenildi. 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalandygy baradaky hoş habar bolsa ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilýändigini ýene bir gezek tassyklady.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Şu ýyl Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny ýokary derejede geçirmäge düýpli taýýarlyk görülýär. Döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny ýokary derejede bellemek, Garaşsyzlyk baýramy günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini dabaraly ýagdaýda geçirmek boýunça hem işler guramaçylykly ýola goýulýar.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan ýaşlarymyz ylymda, bilimde we döredijilikde uly sepgitlere ýetýärler. Olaryň her bir üstünligi ata Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşantdyr. Ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine öz zähmetiň we zehiniň bilen hyzmat etmek bolsa her bir watansöýüji ynsan üçin iň uly bagt we belent buýsançdyr.
Nurana NURBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.