2026-njy ýylymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan şygary türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewinde jemlenen beýik ösüşiň, ýeňişleriň we rowaçlyklaryň nyşanydyr. Şeýle hem bu şygar Garaşsyzlygymyzyň mizemez binýadynyň, baky Bitaraplygymyzyň dünýä derejesindäki at-abraýynyň hem-de türkmen halkymyzyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän arzuw-umytlarydyr, myratlarynyň jemlenen ýeridir. Bedewiň ýylymyzyň adynda orun almagy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynda halkymyzyň kalbyna nazar salýandygynyň subutnamasydyr.
Asyrlar aşyp, bize ýetip gelen ahalteke bedewlerimize bolan söýgi-sarpany Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz has-da beýgeltdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrdy. 2024-nji ýylda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi we ony tassyklaýan güwänamanyň gowşurylmagy ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny belende götermek babatda alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Beýik işler beýik maksatlardan başlanýar. Geçen ýylyň ilkinji aýynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparymyz Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda — altyn baýraga we ýörite baýraklara mynasyp boldy. Toparymyzyň dünýä derejeli şeýle uly üstünlikleri gazanmagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bar. Mahlasy, türkmen halkymyz üçin bedew döwletlilikdir, berkarar döwletimiziň, ösüş-özgerişlerimiziň badydyr. Türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Maral HOJAKULYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.