Taryhy ýyllary biri-birinden zyýada gelýän ata Watanymyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak däbi barha dabaralanýar. Her ýylda öz şygaryna mynasyp işleri taryha ýazýan ajaýyp ýyllar halkymyzyň ykbalyny özgerdip, ýurdumyzyň şöhratyny dünýä ýaýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bilim özgertmeleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem barha rowaçlanýar.
Elbetde, geçen taryhy ýyllarda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň» ÝUNESKO-nyň görnükli sanawyna girizilmegi, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara festiwallarda ýeňiş gazanmagy, bedew atlarymyzyň giň aýlawlarda ýyndamlyk bilen menzil geçmegi, halkymyzyň geçmişinde hemişelik yz galdyrmagy türkmen topragynyň dünýädäki abraýyna abraý goşdy. Şonuň üçin hem asman atlary, ýigitleriň uçar ganaty, behişdi bedewler diýlende Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýadyňa düşýär.
Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda keşbi ýerleşdirilen türkmen bedewi halkyň milli buýsanjy hasaplanýar. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyz öz ajaýyp kitaplarynda bedew atlarymyzyň waspyny belentden ýetirip, onuň tebigy gözelligini, ylahy aýratynlyklaryny ylmy-çeper beýan edýär. Ýeri gelende bellesek, ýylyň şygarynda esasy mazmuny düzýän türkmen bedewlerine sarpaly sözlerden hem görnüşi ýaly, asman atlaryna deňelýän bedewler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň müdimilik guwanjyna öwrüldi.
Häzirki wagtda ýylyň şygaryndan ugur alyp dabaraly çäreler yzygiderli geçirilýär. Biz ― bilim ulgamynyň wekilleri bolup, şeýle wakalara seslenmekde, wagyz etmekde we ýaş nesilleri döwrüň ruhuna mynasyp ýetişdirmekde bu ýylda hem işlerimiziň depginini has-da artdyrmaga çalşarys. Garaşsyz Diýarymyzda halkymyzyň milli gymmatlyklaryny şöhratlandyryp, beýik maksatlary rowaçlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.
Bibi BAÝRAMDURDYÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.