Täze taryhy döwrümiziň şöhratly ýyllarynyň her biriniň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan ýylymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň köňül buýsanjyny goşalandyrýar.
Milli Liderimiziň: «Biz bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin filosofiýasyny döredýäris. Ol bolsa ýeňişdedir. Ýeňiş bolsa taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir. Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim!» diýip joşgunly belleýşi ýaly, türkmen bedewi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine okgunlylygynyň, milli mirasyň dowamatlylygynyň ajaýyp beýanyna, türkmen halkynyň döredijilik zehininiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Muny «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem aýdyň görmek mümkin. Çünki bu topar dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara mynasyp boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewlerimiz ýaşyl ýaýlalarymyzyň, toý-baýramlarymyzyň ýaraşygyna, milli mirasymyzyň, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna nyşanyna öwrüldi. Şanly ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy hem döwrümiziň döredijilik ruhy bilen utgaşýar. Munuň özi uly ähmiýete eýe bolup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini dabaralandyrýar.
Ajaýyp täzelikler, buýsançly wakalar biziň güýjümize-güýç goşup, göwünlerimizi joşdurýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär, milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar. Ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Selbinýaz ROZGELDIÝEWA,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.