Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanyna şan goşýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly Watanymyzyň şöhratly taryhynda täze sahypany ýazýar. Asylly däbe eýerilip, her bir ýylyň özüne mynasyp at bilen atlandyrylmagy milli bitewüligimiziň, okgunly ösüşlerimiziň we ruhy gymmatlyklarymyzyň belent dabaralanmasydyr. Şoňa görä-de, şu ýylymyzyň ilkinji günlerinden başlap, bedew batly ösüşlerimiz has-da belende göterilýär. Bu bolsa «At — myrat» diýen pähimiň durmuşdaky anyk mysaly bolup, halkymyzyň bedewlere goýýan uly hormat-sarpasyndan habar berýär.

Häzirki wagtda behişdi bedewleriň gadymy mekany bolan ata Watanymyzda atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän halkara ýaryşlar, at çapyşyklary we konkur oýunlary ahalteke bedewiniň dünýädäki abraýyny has-da belende göterýär. Şeýle rowaçlyklaryň iň belent derejesi bolsa meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikleridir. Bu topar türkmen ýaşlarynyň edermenliginiň, atçylyk ukybynyň we bedewe bolan çäksiz söýgüsiniň anyk delilidir. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň türkmen bedewleri bilen ýerine ýetirýän täsin tilsimleri, her bir adamy haýrana goýýan çykyşlary taryh bilen şu günüň, güýç bilen gözelligiň, adam bilen atyň arasyndaky kämil sazlaşygyň beýanydyr.

Ýelden ýyndam bedewleriň hormatyna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzyň her güni bedew bady bilen döwletli menzillere uzaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerine eýerýän agzybir halkymyz bu gün parahat we abadan durmuşda ýaşaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilmegi hem-de bu senäniň halkymyzyň «At — myrat» diýen halk pelsepesi bilen utgaşmagy döwletimiziň aýdyň geljegine bolan beýik ynamyň nyşanydyr. Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän, bedewlerimiziň sarpasyny belentde tutýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Zülpizer BAÝPULATOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Köýtendag etrap komitetiniň statisti.