Altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda Türkmenistan döwletimiziň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde açylyp ulanmaga berlen bilim ojaklarynyň ýene-de biri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumydyr. Oňa hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly gatnaşyp, ýaşuly nesliň haýyşy boýunça institutyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ak pata berdi.

Täze binalar toplumynyň meýdany 26 gektara golaý bolup, bu ýerde talyp ýaşlar, professor-mugallymlar, hünärmenler üçin zerur bolan ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Institutyň täze binalar toplumy baş binany, mejlisler zalyny, okuw binalaryny, müň orunlyk naharhanany, kitaphanany, ähli amatlyklary bolan 2 müň orunlyk 6 sany umumy ýaşaýyş jaýyny, sport meýdançalaryny hem-de beýleki tehniki desgalary öz içine alýar. Okuw binalarynda talyplaryň ylmy-barlag işlerini alyp barmaklary üçin tejribehana otaglarynyň onlarçasy bar. Bu ýerde taryh, arheologiýa we etnografiýa, ösümlik, haýwanat dünýäsi muzeýleri hereket edýär. Institutda 1 milliona çenli kitaby saklamaga niýetlenen döwrebap kitaphana binasy bolup, ol 700 orunlyk okalga zalyndan, 100 orunlyk elektron kitaphanadan ybarat.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň halkara bilim giňişligindäki orny barha pugtalanýar. 2023-nji ýyldan bäri bu ýokary okuw mekdebinde «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedrasynyň hereket etmegi-de munuň aýdyň mysalydyr. Şu ýylyň maýynda bolsa institut Halkara Uniwersitetler Assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Onuň degişli güwänamasynyň we ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň minnetdarlyk hatynyň gowşurylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň täze ykrarnamasydyr.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Täze binalar bize täze mümkinçilikler bilen birlikde, uly jogapkärçilik hem berýär. Ýokary okuw mekdebiniň şeýle döwrebap binalar toplumyny gurduryp beren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Gültäç TÖRÄÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.