Başlangyç synp döwri çaganyň diňe bir sowat öwrenýän däl, eýsem, onuň dünýägaraýşynyň, söz baýlygynyň we ruhy dünýäsiniň binýadynyň tutulýan döwrüdir. Bu döwürde çaganyň kitaba bolan söýgüsini oýarmak, ony geljekde özbaşdak pikirlenip bilýän, bilimli şahsyýet edip ýetişdirmegiň iň gysga ýoludyr. Kitap okamak diňe bir maglumat almak däl, eýsem, çaganyň hyýal dünýäsini baýlaşdyrýan, onuň döredijilik ukyplaryny açýan syýahatdyr. Şonuň üçin hem başlangyç synp mugallymynyň öňünde duran iň jogapkärli wezipeleriň biri — çaga kitap okatmagy mejbury iş däl-de, gyzykly endik hökmünde kabul etdirmekdir.

Kitaba söýgi döretmekde mugallymyň şahsy nusgasy ilkinji ädimdir. Çaga mugallymyň kitaba bolan mährini, täze eser barada gürrüň berenindäki tolgunmasyny görende, özünde hem şol dünýä aralaşmaga höwes döreýär. Sapaglarda diňe bir okuw kitabyndaky tekstler bilen çäklenmän, eýsem, türkmen halk ertekileriniň, dünýä çagalar edebiýatynyň iň gowy nusgalarynyň many-mazmuny barada täsirli gürrüňleriň geçirilmegi okuwçynyň ünsüni özüne çekýär. «Bu ertekiniň dowamy nähili bolarka?» ýa-da «Eger siz şol gahrymanyň ýerine bolsaňyz näme ederdiňiz?» ýaly soraglar çaganyň kitabyň içine girmegine we mazmuny özleşdirmegine ýardam edýär.

Şeýle hem, synpda kitap okaýyş sagatlaryny interaktiw görnüşde guramak örän netijelidir. Okalan eseriň esasynda kiçijik sahnalary goýmak, gahrymanlaryň suratyny çekmek ýa-da iň gowy okaýan okuwçyny höweslendirmek ýaly usullar çagalar arasynda sagdyn bäsleşigi döredýär. Kitap okamak endigini maşgala bilen utgaşdyrmak bolsa bu işiň netijeliligini has-da artdyrýar. Ene-atalar bilen bilelikde öýde «okaýyş minutlaryny» guramak, çaganyň kitaba bolan gyzyklanmasynyň diňe bir mekdep çäklerinde däl, eýsem durmuş ýörelgesine öwrülmegine kömek edýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Jemläp aýtsak, başlangyç synplarda kitaba söýgi döretmek — geljekki uly zehinleriň, alymlaryň we kämil ynsanlaryň kemala gelmegi üçin goýulýan iň uly maýadyr. Her bir okalan sahypa çaganyň kalbynda ylym-bilim yşygyny ýakýar. Mugallymyň sabyrlylygy, döredijilikli çemeleşmesi we kitaba bolan çäksiz hormaty arkaly ösdürilýän bu endik, okuwçynyň bütin ömrüne hemra boljak iň gymmatly hazynadyr.

Selbi SEÝIDOWA,
Çärjew etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.