Iň gadymy balyk Grenlandiýa akulasy bolup, ol 400 ýyl bäri öz nesillerini ýitirenok.

Balyklaryň  33.000-den gowrak belli görnüşi bolup, olar oňurgaly haýwanlaryň iň giň ýaýran  görnüşidir.

Balyklar dürli suw şertlerinde ýaşamaga ukyplydyrlar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Balyklar bary ýogy suwuň düzüminden bölünip aýrylýan kislarotdan dem alýarlar.  

Balyklaryň  köpüsiniň bedeni  goragy üpjün edýän we suwa garşylygy azaltmaga kömek edýän aýratyn teňňejikler bilen örtülendir.

Balyklar ganatlaryny galgadyp deň agramlygyny saklap hem-de saga-çepe öwrüm edip bilýärler.

Balyklaryň köpüsinde suw yrgyldylaryny kesgitleýän we  ýyrtyjy tapmaga kömek edýän gapdal çyzyk ulgamlary bar.

Balyklar köplenç, jübütleşmek ýa-da ýyrtyjylara gaýtawul bermek üçin  dürli reňklerde bolýarlar.

Çuň deňiz balyklary ýyrtyjylary ýa-da jübütleri özüne çekmek üçin bioluminesensiýa arkaly öz ýagtylygyny öndürip bilýärler.

Balyklaryň käbir görnüşleri ýyrtyjylardan goranmak, ot-iým netijeliligini ýokarlandyrmak üçin kömek etýän toparlarda ýüzýär.

Käbir balyklar köpelmek üçin süýji suwlardan  duzly suwlara  ýaşaýan ýerlerinden uzak aralyklara göçýärler.

Balyk dürli sesler, beden hereketleri we reňk üýtgemeleri arkaly aragatnaşyk saklaýar.

Käbir balyklaryň  gorag üçin zäherli oňurgalary bar.

Uçýan balyklar ýyrtyjylardan gaçmak üçin suwuň ýüzüne çykyp goranýarlar.

 Balyk görnüşleriniň takmynan 40% süýji suwlarda ýaşaýar.

 Maglumatlara görä, balyk 500 million ýyldan gowrak dowam eden galyndy subutnamalary bilen iň gadymy oňurgaly haýwanlaryň biri hasaplanýar.

Balyk görnüşleriniň dürli kislorod talaplary bar, käbirleri az  käbirleri bolsa köp kislorodly şertlerde ýaşap bilýär.

Internet maglumatlary easynda taýýarlan:

Bägül MERDANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary
institutynyň talyby