1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni hökmünde ilkinji gezek 1950-nji ýylda bellenilip, şondan bäri çagalary hormatlamaga we olaryň hukuklary ugrunda göreşmäge mümkinçilik berýär. Çagalaryň hukuklary 32 ýyl mundan ozal dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilen halkara ylalaşykda – BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasynda kesgitlenip, ol kimdigine hem-de nirede ýaşaýandygyna garamazdan, çagalaryň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistan bu möhüm resminamany Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, 1994-nji ýylda tassyklady.
Maşgala, ene-ata, çagalar hakynda alada baradaky döwlet syýasaty ykdysady milli strategiýa bilen aýrylmaz baglydyr. Bu strategiýa türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, jemgyýetiň ruhy, intellektual, döredijilik mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilendir.
1959-njy ýy­lyň 20-nji no­ýab­ryn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry ha­kyn­da­ky Dek­le­ra­si­ýa­ny, 30 ýyl­dan soň – 1989-njy ýyl­da bol­sa, dün­ýä­niň 61 döw­le­ti­niň gol çe­ken ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa­ny ka­bul et­di. Şu gün­ki gün­de dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da şat­ly­gyň we bagt­ly ça­ga­ly­gyň bu baý­ra­my bel­le­nip ge­çil­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si­ne 1924-nji ýyl­da ka­bul edi­len Že­ne­wa dek­la­ra­si­ýa­sy se­bäp bo­lup, şon­da il­kin­ji ge­zek ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň so­si­al go­ra­gy ha­kyn­da­ky me­se­le goz­gal­ýar.
Ça­ga­la­ryň hal­ka­ra gü­nü­ne ba­gyş­la­nan baý­da­gy hem bar.

On­da ýa­şyl reň­kiň sa­ýa­syn­da Ýer to­ga­la­gy şe­kil­len­di­ri­lip, onuň tö­we­re­gin­de ça­ga­la­ryň el-ele be­rip du­ran gör­nüş­le­ri­ni ala­mat­lan­dyr­ýan dür­li reňk­dä­ki şe­kil­jik­ler su­rat­lan­dy­ry­lyp­dyr. Her ýy­lyň 1-nji iýu­nyn­da ge­çi­ril­ýän baý­ram­çy­lyk – bu Ýer to­ga­la­gy­nyň äh­li adam­la­ry­na ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny unut­ma­ly däl­di­gi ba­ra­da­ky ça­gy­ryş bo­lup ýaň­lan­ýar. Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­ni, ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga, ter­bi­ýe­si­niň hem-de bi­li­mi­niň be­ril­me­gi­ne dün­ýä jem­gy­ýet­çi­liginiň ün­sü­ni gö­nük­dir­mek­dir.
Ça­ga­lyk – ol bi­ziň köp­le­ri­miz üçin iň bagt­ly gün­le­ri­miz bo­lup, ça­ga­lyk we ýaş­lyk ýyl­la­ry­myz ýa­dy­my­za dü­şen­de bi­zi mä­hir­li duý­gu­lar gur­şap al­ýar. Şo­nuň üçin goý bi­ziň döw­rü­mi­ziň ça­ga­la­rynyň ýe­ne-de bir­nä­çe ýyl­dan ça­ga­lyk ýyl­la­ry­ny mä­hir we söý­gi bi­len ýat­la­ma­gy üçin äh­li ta­gal­la­la­ry­my­zy gaý­gyr­ma­lyň.

Pena ANNAMUHAMMEDOW
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby