Hormatly Prezidentimiz: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr» diýip nygtaýar. Bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýady bolan Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra ýurdumyzyň ösüşleri nusgalyk derejä ýetdi. Obalarymyzda, şäherçedir şäherlerimizde durmuşa geçirilen özgertmeler, ýetilen belent sepgitler muňa aýdyň güwä geçýär. Şu günlerde bolsa giňden belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna ýokary derejede taýýarlyk görülýär.

Döwletimiz ata-babalarymyzyň ýoluna eýerip, halk häkimiýetiniň özboluşly nusgasyny saýlap aldy. Ol dünýä tejribesiniň gazananlaryny, milli däpleri we aýratynlyklary özünde jemleýär. Köpasyrlyk taryhyň çeşmelerine, hukuk tejribelerine esaslanyp, Türkmenistan adamzat paýhasynyň, şeýle-de dünýä siwilizasiýasynyň ösüşinde döwleti dolandyrmagyň syýasy-hukuk binýadyny döretdi. Şunuň esasynda, mukaddes Garaşsyzlygymyz hem halkymyzyň geljegini kesgitledi.

Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ösüş-özgertmeler has-da giň gerime eýe boldy. Güneşli ülkämiziň çar künjeginde gurlan döwrebap obalar, şäherçeler, şeýle-de Arkadag şäheri beýik ösüşleriň mizemez subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen dörän sebitdäki ilkinji «akylly» şäher Garaşsyzlygyň beýik gymmatlykdygyny äleme aýan edýän taryhy we dünýä nusgalyk ägirt uly taslamadyr. Diňe erkana halkly Garaşsyz, kuwwatly döwletiň şeýle şäherleri döretmäge ukyplydygyny bellemek gerek.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny ajaýyp zähmet üstünliklerine besleýär. Munuň şeýle bolmagy üçin Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ähli şart-mümkinçilikler döredildi. Gadyr-gymmaty mukaddesliklere deňelýän Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna sowgatly barmak biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Şöhrat JODYÝEW,
TDP-niň Döwletli etrap komitetiniň başlygy.