Danalaryň aýdyşy ýaly, nirede bagtyýarlyk, parahatçylyk bar bolsa, şol ýerde çagalaryň şadyýan sesleri has belentden ýaňlanýar. Çaga biziň dünýämiziň iň uly şatlygydyr. Çagajyklaryň şadyýan gülküleri bahasyz gymmatlyga deňelýär. 1-nji iýunda tutuş dünýäde, şol sanda ýurdumyzda hem Çagalary goramagyň halkara gününiň giňden bellenilmegi ýaş nesil hakda edilýän aladalaryň aýdyň beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiz: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýip nygtaýar. Çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de ukyp-başarnyklaryny doly açmagy üçin şertleriň döredilmegi döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň, halkymyzyň röwşen geljegi ugrundaky uly tagallalarynyň baş maksadydyr.
Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary derejede bilim-terbiýe almagy bilen birlikde, tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan hem-de manyly geçirmekleri üçin hem ähli şertler döredilendir. Ýene sanlyja günlerden bagtyýar çagalar meşhur «Gökdere» jülgesinde hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerine tomusky dynç alşyna ugradylar. Olar döwrebap merkezlerde dynç alyp, öz saglyklaryny berkiderler, çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirerler.
Halkymyzyň, şol sanda ýaş nesliň sagdyn durmuşynyň üpjün edilmegini döwlet syýasatynyň özenine öwren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Goý, bagtyýar çagajyklarymyzyň şadyýan gülki sesleri hemişe belentden ýaňlansyn!
Jorageldi HUDAÝNAZAROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň başlygy.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.