Halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik hem-de sahawatlylyk ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň özenine öwrüldi. Häzirki wagtda bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesiller hakda edýän atalyk aladalary munuň aýdyň beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek döwletimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şu nukdaýnazardan, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň amala aşyrýan dünýä nusgalyk işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Mähriban çagalarymyz we ýaşlarymyz arkasynda dag ýaly döwletimiziň durandygyny, olaryň geljegi hakyndaky aladalaryň bir pursat hem ýatdan çykarylmaýandygyny duýup ýaşamalydyrlar» diýip belleýär. Şoňa görä-de, pederlerimiziň ata-enesinden jyda düşen çagalary aýratyn mähir we alada bilen gurşap almak baradaky asylly däplerine wepaly bolan döwletimiz çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen daşary ýurtly körpelere hem ýardam elini uzadýar. Geçen ýyllarda bu gaznanyň goldawy bilen dünýäniň ençeme döwletleriniň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri iberildi.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Sahawatlylygyň, haýyr işleri amal etmegiň sogaby hem örän uludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan sahawatly işleri bolsa ençeme maşgalalaryň, çagalaryň ynamyna ganat berýär. Çünki Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, «Sahawat ýoly türkmeniň ýoludyr. Şoňa görä-de, biz geljekde hem hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça alyp barýan işlerimizi güýçlendirmegi maksat edinýäris».

Bikejemal ANNANUROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.