Dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa hem-de gyzyklanma eýe bolan döwlet syýasatymyzda ýaş nesliň bagtyýarlygy eziz Watanymyzyň egsilmez kuwwaty hasaplanýar. Şoňa görä-de, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek, yhlasly okamaklary, döredijilik işleri, sport bilen meşgullanmaklary, şol sanda dynç alyş möwsümlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin hem ähli şertler döredilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde bagtly, bagtyýar çagalaryň mekany hökmünde ykrar edilýär. Ýaş nesli hemmetaraplaýyn terbiýelemek bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy maksatlarynyň biridir.
Häzirki wagtda bagtyýar çagalar «Gökdere» jülgesindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ýerleşýän dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsüminiň hözirini görýärler, döwrebap merkezlerde dynç alyp, öz saglyklaryny berkidýärler, çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýärler. Bu merkezlerde ähli amatlyklaryň döredilmegi ýaş nesillerimiziň şatlygyny goşalandyrýar. Bagtyýar çagalaryň şatlygy hem-de alyslardan eşidilýän şadyýan gülküleri döwlet Baştutanymyzyň biziň umyt-arzuwlarymyz, bagtyýar geljegimiz bolan ýaş türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn ösmegine, sagdynlygyna hem-de abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda çagalaryň bagtyýarlygyny gazanmak we olara ähli babatda mynasyp durmuşy üpjün etmek ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.