Ýaş nesiller döwletimiziň we dünýäniň geljegi, bagtyýar durmuşymyzyň görki, maşgala binýadynyň örki hasaplanylýar. Eziz Watanymyzyň şöhratly sene ýazgysyndaky beýik başlangyçlarda, şanly özgertmelerde, rowaçlygyň ýolundaky ynamly ädimlerde türkmen ýaşlarynyň hem mynasyp paýy bar.

Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary derejede bilim-terbiýe almagy bilen birlikde, tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan hem-de manyly geçirmekleri üçin hem ähli şertler döredilendir. Dünýäni haýrana goýýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökdere jülgesinde hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalarymyzyň müňlerçesi dynç alyp, öz saglyklaryny berkidýärler. Şu günlerde bolsa ýaş nesiller tomusky dynç alyş möwsüminde çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýärler.

Ýaşlar biziň ertirki günümizi kesgitleýändirler. Nesil hakyndaky alada geljege ädilen batly gadam, bagtyýar geljegimizdir. Sagdyn, ruhubelent, edepli-ekramly nesilleriň ýörejek nurana ýollary şu günki beýik işler bilen binýat bolýar. Çagalarymyzyň zähmetsöýer, maksada okgunly bolup ýetişmegini gazanmak hem özümize baglydyr.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys». Şeýle ajaýyp döwürde ýaşamak we döredijilikli işlemek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Ogulmaýsa ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.