Mekdebe çenli bilim ulgamy ýaş nesliň ilkinji terbiýe we bilim ýolunyň başlanýan mukaddes ojagydyr. Şonuň üçin hem çagalar bakja-baglarynda täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri, pedagoglaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we körpeler üçin döredilýän şertleri has-da kämilleşdirmek döwletimiziň bilim syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Täze 2026–2027-nji okuw ýylynyň öňüsyrasynda çagalar bakja-baglarynda hem guramaçylykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu ugurda geçirilýän maslahatlar öňde durýan wezipeleri kesgitlemäge, tejribeleri paýlaşmaga giň mümkinçilik berýär.

Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda pedagogik işgärleriň awgust maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda täze okuw ýylynda alnyp baryljak işleriň esasy ugurlary, terbiýeçilik we okuw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, körpelere döredilýän mümkinçilikleri has-da giňeltmek bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem täze okuw ýylyna taýýarlyk işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygy bellenildi. Pedagoglaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, döwrebap usullary ornaşdyrmak hem-de çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Maslahatyň dowamynda öz işinde tapawutlanan bilim işgärlerine Türkmenistanyň Demokratik partiýasy hem-de Kärdeşler arkalaşygy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu hoşniýetli başlangyç zähmet çekýän işgärlere goýulýan hormatyň we olaryň işine berilýän ýokary bahanyň nyşany boldy. Täze okuw ýylynyň bosagasynda çagalar bakja-bagynda döredilýän şertler, okuw-terbiýeçilik işleriniň kämilleşdirilmegi hem-de körpe nesliň bagtyýar geljegi ugrunda alnyp barylýan işler uly ähmiýete eýedir.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Umuman, awgust maslahaty täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda pedagoglaryň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitlemek, tejribeleri baýlaşdyrmak hem-de çagalaryň döwrebap terbiýe we bilim almagy üçin döredilýän şertleri has-da ösdürmek babatda ähmiýetli boldy. Çagalaryň bagtyýar geljegi ugrunda zähmet çekýän bilim işgärlerine bildirilýän ynam bolsa biziň jogapkärli işimize täze ruh, täze hyjuw berýär. Täze okuw ýylynda hem bu ugurda alnyp barylýan işler körpe nesliň ukyp-başarnygyny açmaga we olaryň sagdyn hem-de giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup kemala gelmegine hyzmat eder.

Aýjeren HALLYÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 11-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.