Halkymyzyň geçmişde döreden gymmatlyklarynyň biri-de milli mirasymyzyň naýbaşysy bolan türkmen halysydyr. Haly halkymyzyň ruhy hem-de maddy baýlygydyr. Bu beýik sungatda milletimiziň dünýägaraýşy, ylym-paýhasy, filosofiýasy, ruhy dünýäsi jemlenendir. Ol tebigatyň gözelligini, nepisligiň nusgasyny, baky diriligiň ruhuny özüne siňdiren sungatdyr.
Mälim bolşy ýaly, irki döwürlerde halkymyzyň jemgyýetçilik gurluşy we ýaşaýyş şertleri amaly-haşam sungatynyň aýry-aýry ugurlarynyň, esasan hem, dokmaçylyk, zergärçilik we beýleki el hünärleriniň döremegine getirýär. Senetçiligiň ösmegi we giňden ýaýramagy çig malyň özümizden önýändigi bilen baglydyr. Geçmiş taryhymyza nazar aýlasak, onda türkmen amaly-haşam sungatynyň şöhratly yzlaryny görüp bileris. «El hünäri il gezer» diýlişi ýaly, haly sungatynyň inçe tilsimleri ene-mamalarymyzdan bize miras galypdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren «Janly rowaýat» atly kitaby türkmen halyçylyk sungatynyň taryhyny öwrenmekde esasy çeşme bolup durýar. Bu kitapda Milli Liderimiz: «Haly dokamagyň taryhyna we etnografiýasyna degişli tema ýeterlik derejede oňat işlenip geçilipdir, makalanyň we kitaplaryň köpsanlysy ýazyldy, ýöne ylmy akademiki barlaglar, meniň pikirimçe heniz ýeterlik däldir...» diýip bellemek bilen, türkmen halysynyň taryhynyň has içgin öwrenilmelidigini nygtap geçýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu sungaty yzygiderli kämilleşdirmek, gadymy halylaryň asyl nusgalaryny gorap saklamak üçin möhüm şertler döredilýär. Ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramynyň giňden bellenilmegi bolsa biziň her birimiziň buýsanjymyzy goşalandyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi, mähriban halyçylarymyzy, bagtyýar watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.
Merjen GURBANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.